Birnäçe otag gülleri adamlaryň ýaşaýan ýerinde özboluşly tebigatyň bir bölegi bolup durýar. Birnäçe ösümliklerde adamlar we janly jandarlar üçin zyýanly bolan maddalar bar.
Öýüňize haýsam bolsa bir ösümlik getirjek bolsaňyz, ilki bilen onuň görnüşleriniň biologiki we olara ideg etmegiň aýratynlyklary bilen tanyşmaly. Ösümligi göçürip ekeniňizde we beýleki el bilen ýerine ýetirilýän işlerinde howpsyzlyk düzgünlerini berjaý etmeli. (Eliňe ellik geýmeli, agzyňy hassa bilen daňmaly) . Şeýle hem zäherli otag güllerini çagalaryň we haýwanlaryň golaýynda ýerleşdirmeli däl. Zäherlenme ýüze çykan wagtynda haýal etmän lukmana ýüz tutmaly. Günorta tarapdaky penjireler ýagty we şol sebäpli dürli gülleri ösdürmek üçin amatlydyr. Otag gülleriniň arasynda ýagtylygy söýýän güller bar. Otag klýony (abutilon), krinum, sitruslar we şuňa meňzeşler. Günorta tarapdaky penjirelerde kaktuslar gowy ösýärler. Eheweriýa, ýagny ony birinji goýmak maslalahat berilýär, indiki hatarda geliotrop, gloksiniýa, otag jasmini, kamaliýa, oleandr, hytaý bägüli. Güldanlarda penjireleriň öňünde aukula, Reks begoniýa, mirta, palma gowy boý alýarlar. Amarillis, antirium, kliwiýa, pankrasium hem gowy gülleýär.
Demirgazyk tarapda ýerleşen penjireli otaglarda ýagtylygy söýýän gülli ösümlikler üçin ýagtylyk ýeterlik däldir. Penjireden düşýän ýagtylyk az we otagy bezemekde ýagtylygy az talap edýän gülleri saýlamak gerek. Bu ýerde aspridistra, paparotnikler, hlorofitumlar we begoniýalar oňat gülleýärler. Çyrmaşyp dikligine ösýän ösümliklerden demirgazyk tarapdaky otaglarda plýuş, tradeskansiýa we plýuş görnüşde ösýän üzümleri ekse bolýar.
Ýazyna we tomsuna bu otaglarda kiparis, tuýa ýaly ösümlikleri ýerleşdirmeli. Gyşyna olary günorta penjirelerde saklamaly.
Goçmyrat ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby