Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy-medeni, maddy hem-de maddy däl mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ülňülerine laýyklykda rejelemek işlerine aýratyn ähmiýet berlip, döwrebap öwüşginlerde dikeldilýär. Dünýäniň häzirki innowasion we nanotehnologiýalar döwründe bolsa, täzeçillikleriň, innowasion oýlap tapyşlaryň, senagat önümçiligiň, sanly ulgamyň ileri tutulmagy bilen birlikde, her bir halkyň millilik gymmatlygyna ählumumy derejede aýratyn hormat goýulýar, milli aýratynlyklary bilen dünýä medeniýetinde yz galdyran gymmatlyklar ulgamy halkara giňişliginde baýlaşdyrylýar.
Munuň özi, Türkmenistan bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işjeň hyzmatdaşlygyň ählumumy ähmiýetini esaslandyrýar. Çünki, halkara gatnaşyklar nazaryýetinde medeni diplomatiýa dürli halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň möhüm guraly, dostlukly, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryny ýola goýmagyň bolsa, netijeli usullarynyň biri hökmünde garalýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletimiz tarapyndan türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatynyň, türkmen keçe sungatynyň, türkmen demirçilik senediniň, türkmen tazysynyň we elguş sungatynyň, türkmen milli göreşiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň zerurdygy, ÝUNESKO derejesinde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna bolsa, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň goşulmagy we bu ugurda ileri tutulýan ençeme wajyp wezipeler alnyp barylýar. Çünki, jemgyýetiň hem-de şahsyýetiň deňagramly we sazlaşykly ösmeginde halkara medeni hyzmatdaşlygy oňyn täsirini ýetirýär. Şol oňyn täsiriň netijesinde-de tutuş adamzadyň gymmatlyklar hazynasy giňeýär, bütin dünýäde dost-doganlyk ruhy artýar. Bularyň ählisi kökleri gadymyýete uzaýan halkymyzyň toplan şeýle sazlaşykly durmuş tejribesiniň baýlaşdyrylmagynyň we umumadamzat mirasynyň hazynasyna goşmak üçin ylmy taýdan öwrenilmeginiň wajyplygyny esaslandyrýar.
Umuman, halkymyz milli mirasynyň maddy we maddy däl, taryhy-medeni hem-de tebigy obýektlerini tebigatyň edep kadalary bilen sazlaşykda däp-dessurlar, adatlar arkaly gündelik durmuş tejribesinde ulanypdyr. Şeýle durmuş tejribäniň taryhy kökleriniň gadymylygy, ýaşaýyş durmuşy üçin halkymyz bilen birlikde, dünýä halklary üçin hem ähmiýetliligi bolsa, olaryň goragynyň milli we halkara derejede üpjün edilmeginiň, öwrenilmeginiň, dikeldilmeginiň, baýlaşdyrylmagynyň we nesilden-nesle geçirilmeginiň kanunalaýyklygyny tassyklaýar. Bize şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän, ata-babalarymyzyň miras goýan gymmatlyklaryny giňden öwrenmäge, ony halkara derejesinde ykrar etdirmäge giň ýollary açýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdýarys.