Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly dünýä ylmyna çuňňur aralaşýan nesiller hökmünde kemala getirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň çeperçilik sungatynyň ösdürmek ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler nepis sungat eserleriniň döremegine itergi berýär. Şu mümkinçiliklerden ruhlanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary özleriniň yhlasyny öz talyplaryna siňdirip, olaryň hünärine bolan höwesini artdyrýarlar. Şeýle sungat äleminde hyjuwly zähmet çekýän suratkeşleriň arasynda nakgaş Amanmyrat Modyýewiň döredijiligini belläp geçmek möhümdir.

«Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň noýabr aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Modyýewiň «40 ädim» atly şahsy döredijilik serginiň açylyş dabarasy boldy. Döredijilikli ýerine ýetirilen her bir eser tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Döredijilik adamsy beýleki adamlardan tapawutly bolýar. Olaryň giň dünýägaraýyşly bir zadyň diňe bir tarapyndan däl-de, dürli tarapyndan görmegi başarýarlar. Her bir zadyň özüne degişli owadanlygy many-mazmuny gizlenip ýatyr, many bolsa görmek sungat adamsyna beýle bir kyn däl. Her bir sungat ynsanynyň ruhy döredijiligi özboluşly aýratynlyga eýe bolýar. Käbir suratkeşler daşky gurşawy wasp etmegi, käbirleri bolsa manylara gizlenip ýatan syrly suratlary çekmegi halaýar. Her reňk, her bir şekil giden many aňlatmagy başarýar, ýöne olary ýerlikli ulamak hem uly ussatlygy talap edýär.

Amanmyrat Modyýew hem öz eserleriniň üsti bilen tebigatyň we olar bilen baglanyşykly jisimleriň mazmunyny özboluşly usullary bilen açyp görkezmek isleýär. Her bir döreden eseriň owadanlygyny, many taýdan çuňdygyny açyp görkezmek uly ussatlyk bolsa gerek. Nakgaşyň eserlerinde estetiki duýgyny açmaklyk bilen tomaşaça gözellik duýgy alamatlaryny tapmaklygyna ýardam edýär.

Amangül Goçmyradowa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.