Ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň gadymy we orta asyr ýadygärlikleriniň ajaýyp toplumy jemlenendir. Bu ýadygärlikler Dehistan taryhy-meden döwlet goraghanasy tarapyndan gözegçilik edilýär.
Etrek derýasynyň aşak akymynda ýerleşen Dehistan şäheri Madau obasyndan 22 kilometr demirgazyk-günbatarda bolup, ondaky ýadygärlikler alymlar tarspyndan uzak ýyllaryň dowamynda öwrenilip gelindi. Bu ýerde biziň eýýamyzdan ozalky lll müňýyllykdan tä XlV asyra çenli suwarymly ekerançylyk gülläp ösüpdir. Dehistanyň golaýynda meýdany uly bolmadyk ilatly obalar we galalar peýda bolupdyr. Şolaryň biri Sort galadyr.
Sort gala Dehistandan 32 kilometr günorta-gündogarda ýerleşip, onuň umumy tutýan meýdany 40,5 ga barabardyr. Ol Erk galadan, Şähristandan we Rabatdan ybarat. Erk gala-şäheriň merkezi, Şähristan- şäheriň dürli senetçilik, söwda, ýaşaýyş, jemgyýetçilik jaýlary, Rabat- şäheriň daşyndaky hünärmentçilik desgalarydyr. Bu ýadygärlikler alaymlar M.Ý.Masson, G.A.Pugaçenkowa tarapyndan öwrenildi.
Sort gala ýadygäliginiň ortarasynda içki galalary ýerleşip, daşky sudury boýunça 81×74 metre deňdir. Arheologiýa maglumatlaryna görä, bu ýadygärlik orta asyrlara degişlidir.
Sort galanyň töwereginde ýap, bent we gaçy ýaly örän köp suwaryş desgalary saklanypdyr. Bu galanyň ilaty söwdagärçilik, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Galadan ak we gögümtil syrçaly arhitektura bezegleri, alty we sekizburç ýyldyz görnüşindäki bezeg kerpiçleri tapyldy. Bezeg kerpiçlerinde ýolbarsyň öküz bilen uruşýan şekili çekilipdir.
Arheologiýa barlaglary netijesinde syrçaly gap-gaçlaryň birnäçe görnüşleri tapyldy. Şol sanda metaldan edilen bezegler, aýratyn-da ýüzükler tapyldy. Ol ýüzüklere dürli ýazgylar ýazylypdyr. Şeýle hem bürünçden üçburç bezegli dürli haýwan şekilleri tapyldy. Olar arap hatlary bilen bezelipdir.
Meýlis HOJAÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyñ talyby