Türkmenistan dünýä jemgyýetçiliginiň nazarynda dost – doganlygyň mekany hasaplanýar. Goňşy döwletler bilen ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklar ýyl-ýyldan has-da berkeýändigi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar. Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyz tanalmaz derejede özgerdi we birnäçe maksatmanalaýyn işler durmuşa geçirildi. Ähli pudaklarda şol sanda ylym-bilim, saglyk, ykdysadyýet, medeni, oba hojalyk pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir” diýen şygary döwletimiziň baş ýörelgesine öwrüldi.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwletimiz hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 20 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledi. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi, Türkmenistanyň milli Lideriniň we döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň halkara abraýyny tassyklaýan buýsançly wakadyr.
Türkmenistanyň her bir raýaty üçin Bitaraplyk türkmen döwletiniň taryhynda iň bir şanly wakalaryň birine öwrüldi. Bitaraplyk derejesi halkymyza ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti barha artýar hem-de halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlyklaryň gerimi giňeýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň 140-dan gowragy bien diplomatik gatnaşyklary alyp barýandygy şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, konwensiýalaryň 50-ä golaýynyň agzasydygy aýdyň şaýatlyk edýär.
Şeýle-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy.
Bitaraplygyň we asudalygyň mekany bolan eziz watanymyz – Türkmenistany şeýle belent sepgitlere ýetiren, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde möhüm ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin!
Äkbär Karimbaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.