Türkmenistan döwletimiziň syýasy taýdan durnuklylygy, ýurdumyzyň abadançylygy milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň öňden görüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagyny düýpgöter täze derejelere götermek, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýyny belende götermek ugrunda aýgytly ädimler ädildi.
Atçylyk pudagynyň döwrebap ösmegi we kämilleşmegi barada edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen atşynaslaryň adyndan Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” hem-de “Ganatly bedewler” atly kitaplarynyň neşir dilmegi diňe bir türkmen halkyny däl, eýsem, daşaryu ýurtly atçynaslarda-da uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Çünki bu taryhy eserler atşynaslyk sungatynyň inçe syrlaryny özünde jemleýändigi bilen uly gymmatlyklara eýedir.Şol sebäpli – de bu eserler dünýäniň ençeme dillerine terjime edilip, atşynaslaryň we bedew janköýerleriniň köňül kitabyna öwrüldi.
Hormatly Arkadagymyzyň “Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyryň dowamynda özüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, gözelligini we akyllylygyny ýitirmän gelýär” diýip, buýsanç bilen belleýşi ýaly, türkmen bedewiniň gadymy şan-şöhraty bu gün täze ruhda, täze öwüşginde halkara derejesinde dabaralanýar.
Atçylyk babatynda durmuşa geçirilýän işler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewiniň alnyndan gün bolup dogdy. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletinde atçylygy we atçylyk sportunyň ösdürilmegine üns has-da güýçlendirildi. Köpetdagyň eteginde gözel ýerde Aba Annaýewiň adyny uly buýsanç bilen göterýän oba, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy hem-de welaýatlarymyzda dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Şöhratly ýyllarda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli türkmen halkynyň buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleri Polatlynyň, meşhur Ýanardagyň ýadygärlik heýkelleri dikeldildi, Aşgabat şäherinde okuw merkezi we ýapyk manež guruldy.
Bu döwletli döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň pajarlap ösmegi üçin, türkmen halkynyň eşretli geljegi barada alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç alsyn, janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary mydama aman bolsun!
Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň Aktýorluk sungaty hünäriniň 1-nji ýyl talyby.