Her bir halkyň ruhy ahlagyny, onuň milli halklaryny düzüp, ynsan ýaşaýyşynyň syntgalanan görnüşini kemala getirýän ägirt bir güýç halkyň medeniýeti diýip tanalýar. Şol medeniýetiň içinde halkyň ähli sungaty, edebiýaty, halk döredijiligi bilen bir hatarda hat- da sözleýiş medeniýeti, özüňi alyp baryş medeniýeti, ahlak medeniýeti, şeýle- de durmuşa taýýarlyk medeniýeti ýaşaýyş derjesiniň süňňüni düzýän halklary bir- birinden tapawutlandyrýar.
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen medeniýeti hem häzirki döwürde öz milli gymmatlyklarydyr, öwüşgünleri, edebiýatydyr, sungaty bilen iň gadymy medeniýetleriň hataryna goşulyp, dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynda göwher gaşly ýüzük bolup parlaýar. Dünýäniň islendik künjünde, tapawudy ýok, türkmen medeniýetiniň özboluşly reňklere baý, şahsyýetiň häsiýetini düzýän, özüňi alyp baryş medeniýeti hiç halkyňkydan kem däl. Her bir halk öz medenýtini asyrlar aşyp, wagtyň eleginden geçirip düzüp gelýär. Şol halk şol medeniýet bilen ogluny, gyzyny, nesillerini terbiýeleýär. Şol halk şol medeniýetiň dilini düzýän täsin hazynany özünde saklaýar.
Türkmeniň milli mirasy, onuň ruhy ahlagyny düzýän dili we edebiýaty hiç halkyňkydan pes däl. Halk hazynasynda saklanan aýdym sazlardan görnüşi ýaly, gyz edebini saklap, gelejekki maşgala taýýarlyk görmegi başarýan beýik bir nama eýe bolmagy bu hem biziň halkymyzda iň beýik medeniýetleriň ölçegini birleşdirýän dünýägaraýyşdyr. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde gyz edebiniň ilkinji basgançak bolup durýandygyny türkmen halky gadym wagtlardan bäri öz durmuşynda iň esasy meseleleriň biri edip goýupdyr. Gözel keşplere ser salanyňda gelin toýunda gurulýan sahna hiç kim režissýorlyk etmese- de, ajaýyp bir sahna eserini ýada salýan däp- dessur medeniýeti ýaşlaryň durmuşynda ilkinji ýatda galjak pursatlar bolup, öz gözelligini saklap gelipdir. Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen edilýän işler ýurdumyzyň her bir künjünde medeniýete ugrukdyrylandyr. Haýsy halkyň medeniýeti dünýä hazynasynda şöhlelenýän bolsa, şol halkyň ruhy hem edil täzeligiň buşlukçysy ýaly naşy hem- de müdimiligiň açaryny özünde saklaýar.
Her bir halk öz aň- düşünjesinde taryhyny goramak we geçmişiniň daşyna gyzylly jähek çekmek arzuwy bilen nesillerini ýetişdirýär. Şeýle ýagdaýlar hem diňe medeniýetiň üsti bilen amala aşyrylýar diýsek, ýalňyş bolmaz. Elbetde her bir halkyň öz medeniýeti, sungaty we dili, dini bar. Bu tebigy zat. Dünýäniň ýüzünde ýüzlerçe halklaryň bolşy ýaly, her bir halkyň hem aýratyn medeniýeti bar. Her bir medeniýetiň gelip çykyşynda şol halkyň gatnaşygy bar. Diýmek türkmen medeniýetiniň döremeginde-de bu tebigy ýagdaýdyr.
Türkmen halky öz taryhy kökleri bilen dünýäniň bäşilenji siwilizasyýasynda ýer alan halk. Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem- de Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetinden, sungatyndan, edebiýatyndan ylham alyp, beýik bir hazyna halky eýe etmek üçin edýän aladalary biziň türkmen medeniýetimiziň bagtyýar gelejegine buýsanmaga mümkinçilik döredýär.
MEDENIÝET HALKYŇ BUÝSANJY
