Çünki ýurdumyzda bilim ulgamy boýunça geçirilýän işleriň aýratynlyklaryny, şeýle- de dünýä ülüňlerine talabalaýyklygy bilen birlikde edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasynda Hormatly Arkadagymyzyň hyzmatdaşlygy ýola goýmakda edýän işleri utgaşyp, hakykatdan hem üstünlikden- üstünlige barýan halkymyzyň gelejegini abadanlaşdyrmakda, parahatçylygyň hemişe höküm sürmegini gazanmakda bilim ulgamynyň goşandy bolmagyny subut edýär. Ýaşlara terbiýe bermekde hem- de olaryň durmuşynda ýokary derejeli ösüşleri gazanmagyň ýollaryny salgy bermekde ýokary okuw jaýlary diňe bir öz mugallymlarynyň tejribesini ulanman, eýsem, dürli hünär ugry babatynda dünýä tejribesini, dünýäniň gazananlarynyň ugry boýunça ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň hem tejribesi ulanylýar. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda talyplaryň ýaşamaklary, okamaklary we dynç almaklary üçin ähli amatlyklar we şertler döredilendir. Munuň özi ösüşleri saglaýan ýurdumyzda ýaş nesil üçin edilýän aladanyň bir nyşanydyr. Bu günki gün geçirilýän dabaralar bolsa, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ösüşleriň ýokary göterilýändigini subut edýär. Dünýäniň ýüzünde bolup geçýän täzelikler hemişeki bolşy ýaly , adamzady haýran galdyrmak bilen dürli görnüşlerde ynsan dünýäsiniň ruhuna girmek hem- de şol ýerlerde öz ornuny tapmagy başarmakdyr.Emma ynsan tebigaty bilen bagly üstünlikli taraplar bolsa, häzirki döwürde ýoakry derejeli işler etmegä döredilýän mümkinçilikleriň üstüni ýetirýär. Maglumat tehnologiýalary, bazar ykdysadyýeti biziň durmuşymya gowy ornaşmak bilen bilrikde ýokary hilli netijeleri gazanmak üçin täze gözlegler edilmegi edil häzirki günde adamzadyň ýokary derejeli üstünliklerini yzarlamaga we şol üstünlikleriň hemrasy boljak adamzadyň durmuşynda täzelik döretmäge bolan höwesler häzriki zaman tygşytlylygyny hem- de öz baýlykalryňa eýelik etmek şygary bilen birlikde hereket edýär.Tebigy baýlyklaryň möçberiniň, işçi güýjini, köpeltmegiň mümkinçilikleriniň çäkliligi sebäpli ekstensiw ösüş ýoly belli bir derejede amatsyzdyr. Şonuň üçin hem intensiw ösüş ýoluna geçmeklik zerurlykdyr.Eger-de öndürilýän önümleriň möçberiniň artdyrylmagy önümçiligiň şertleriniň mukdar taýdan däl-de, olaryň hil taýdan kämilleşdirilmeginiň netijesinde gazanylýan bolsa, onda bu ykdysady ösüşiň intensiw görnüşi bolýar. Sanly ulgam häzirki döwürde ýurdumyzda uly üstünliklere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzy innowasiýon ösüşleriň mekanyna öwürmek hem- de täzelikleriň mekany bolan Türkmenistany innowasiýon özgertmeler esasynda ösdürmek hem- de bu ösüşleriň sakasynda halkymyzyň ýaşaýyş şertleriniň has- da gowulanmagyny gazanmak, türkmenleriň ýaşaýyş derjesini öňküden has ösen döwletleriň bagtyýar halkyna öwürmek bu günki gün öňde goýulan wezipeleriň biridir. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen birlikde ýokary derejede ösüşleri bolan halkymyzyň bu günki gün ýaşaýşynyň ýokarlanmagyna täze jaýalryň gurlup ulanylmaga berilmegi hem- de gelejegi nazarlaýan halkymyzyň körpe nesliniň kemala gelmeginde innowasiýon ösüşleriň derejesiniň ýokarlanmagy bilen edilýän işler has- da artýar. Ýurdumyzyň nebit we gaz ulgamynyň hünärmenleri hem döwrebap önümleri öndürmek bilen bir hatarda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzyň ialtynyň bagtyýar durmuşyny saglamak hem- de ilata häzirki döwrüň talabyna laýyk ýaşamak üpjünçiligini gowulandyrmakda edilýän işleriň has- da wajypdygyna düşünmek bilen , halkymyza hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen halkymyz hakda edýän aladalaryndan ugur alyp, Tehnologiýa we başga işewürlik prosesleri boýunça dürli işleri alyp barmak hem häzirki wagtda tehnologiýalaşdyrylan zamanda däbe öwrüldi.

Aşgabadyň giň gujagy ala- ýaz, aýdym – saz, bu bolsa, bagtyýar halkymyzyň ruhy galkynyşynyň dowamydyr. Garaşszylyk toýmuzda öz gözelligi bilen haýran galdyrýan diýarymyzyň ösüşlerinde nebit- gaz ulgamynyň hem aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek, ol ulgamdaky hünärmenler dünýäniň halkara nebit we gaz kompaniýalarynyň hünärmenleri bilen bäsleşýärler.

Ýurudmyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzda her ýyl geçirilýän baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan nebit we gaz ulgamynyň işgärleri hem beýleki ulgamlaryňkydan beýlede oturanoklar, işjanly, erjel.Garaşsyzlyk dabarasy bolsa, bizi raýat hökmünde buýsandyrýar.Aşgabat özüniň çäklerini giňeldýär hem-de barha owadan, ýaşamak, zähmet çekmek we dynç almak üçin oňaýly, has arassa we bagy-bossan şähere öwrülýär. Şäheriň töwereginde eýýäm el bilen döredilen tokaýlyklar ösüp ýetişýär, olaryň üsti her ýyl täze nahallar bilen ýetirilýär.Çünki Aşgabat gök tokaýlygyň mekany, Aşgabat Ginnesiň rekordlar kitabynda gözelligiň simwoly hökmünde öňe çykýan ajaýyp paýtagt şäheridir.

Şäherimiziň we ýurdumyzyň taryhynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde Aziýanyň hem- de dünýäniň gözünde ak merere beslenen ak şäher ykdysady – indistruil bir mekana öwrüldi. Munuň özi bolsa, buýsandyryjydyr.

Laçyn ROZYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň,
Agronomçylyk fakultetiniň,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.