Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, çuňlaşdyrylmagyna hem-de giňeldilmegine aýratyn üns berýär. Ýurdumyz çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak-demokratik ýörelgeler esasynda bilim-terbiýe bermek, zenanlaryň hem-de çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, dünýä bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýar.

Iri halkara guramalar, şol sanda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän eneligi we çagalygy goramak boýunça maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bu ulgamda türkmen tarapynyň uzakmöhletleýin hyzmatdaşydyr. Daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesiniň öwrenilmegine we täze ylmy işläp taýýarlamalaryň özleşdirilmegine gönükdirilen yzygiderli okuw sapaklaryny geçirmek bu ulgamdaky işi guramagyň esasy usullarynyň biridir.

Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen doly üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri, enelerimize hem-de körpelerimize ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, Köpetdagyň sergin jülgelerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi.

Türkmenistanda bilim ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmek, beden taýdan sagdyn hem-de giň gözýetimli ýaş nesli terbiýelemek hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde üç dili öwrenmek üstünlikli ösdürilýär. Döwlet dili hökmünde türkmen dili, ählumumy ykdysadyýete üstünlikli goşulyşmagyň dili hökmünde iňlis dili, milletara gatnaşyklaryň dili hökmünde rus dili öwrenilýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen ýokary okuw mekdepleriniň hem-de orta mekdepleriň maksatnamasyna ýapon we hytaý dilleri hem girizildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň maksatnamasy amala aşyrylýar. Onda bu ugurda okatmagyň yzygiderli hem-de özara bagly ulgamyny döretmek, şol sanda belli bir aralykdan bilim bermek ulgamy göz öňünde tutuldy.

Saparow Saparmyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 122-nji toparynyň talyby