Gahryman Arkadagymyzyň 2015-nji ýylda neşir
edilen “Türkmen medeniýeti” kitabynda türkmen döwletliliginiň berk binýady
bolan ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Kitapda
bellenilişi ýaly, “Türkmenistanyň çäginde ýaşan taýpalaryň we halkyýetleriň
öndüriji hojalyga – ekerançylyga we maldarçylyga geçmeginiň uly taryhy-medeni
ähmiýete eýedigine hiç bir ikirjiňlenme ýokdur. Elbetde, ekerançylyk we
maldarçylyk gadymy dünýäniň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolupdyr. Emma
onuň taryhy-medeni ähmiýeti diňe bir oba hojalygynyň özgermegi bilen
çäklenmeýär, ol ynsan aňynyň kämilleşmegine, medeniýetiň, sungatyň ösmegine
hem-de bilimleriň, asylly ruhy ýörelgeleriň peýda bolmagyna hem ýardam
beripdir. Ak bugdaý hem-de Orta Aziýada ekerançylyk guraly bolan ilkinji
tapyndy – daşdan ýasalan kätmen Jeýtun medeniýetiniň inkär edip bolmajak
medeni subutnamalarydyr”. Diýmek, adamzadyň ilkinji ykdysady gazananlary
medeniýetiň kemala gelmeginiň möhüm şertidir.
“Türkmen medeniýeti” atly kitap pederlerimiziň şöhratly durmuş ýolunyň
buýsançly beýanydyr. Ine, anyk mysallar:
– Jeýtun medeniýetiniň ösen zamanynda bugdaýy iki daşyň arasynda goýup,
owguçlar bilen owradan bolsalar, soňra soky, el degirmeni oýlanyp
tapylypdyr. Dünýäni özgerden bu açyşlar Türkmenistanyň çäginde ýaşan
taýpalaryň miladydan öňki VII –VI müňýyllyklarda ilkinji bugdaý çöregini
we arpa nanyny bişirendiklerine şaýatlyk edýär. Adatça bolşy ýaly,
ykdysady durmuş medeni durmuş bilen utgaşykly ösüpdir. Oturymly
ekerançylygyň peýda bolmagy bilen hasyllylygyň alamatyna öwrülen
bugdaýyň şekili sungat eserlerine – dürli nagyşlara salnypdyr, bugdaý –
çörek bilen bagly ilkinji ynançlar döräpdir. Hasyllylygyň alamaty hökmünde
ýer we ene mukaddesleşdirmek derejesine ýetirilipdir. Şonuň üçin hem
ilkinji ekerançylar hasylyň bol bitmegini arzuwlap, zenan heýkeljiklerini
ýasap, oňa tagzym edipdirler. Elbetde, munuň özi gadymy döwrüň –
türkmen halkynyň buýsançly gadymy dünýäsiniň pelsepesidir.
– Köneürgenç türkmen döwletiniň düzümine Türkmenistanyň çäginiň uly
bölegi girip, ol Orta Aziýanyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň gadymy we orta
asyrlar medeni-ykdysady ösüşine uly täsir edýär. Biziň günlerimize gelip
ýeten baý arheologik we binagärlik ýadygärlikleri Köneürgenç türkmen
döwletiniň dünýä taryhynda tutýan beýik ornuny ykrar edýär.
– Magryp bilen maşrygyň arasynda ýerleşen döwletleriň ykdysady-durmuş,
söwda-täjirçilik, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynyň ösmegine iňňän
ähmiýetli täsirini ýetiren Beýik Ýüpek ýolunyň barha işjeňleşmegi milli
dokma senediniň ösüşine düýpli täsir edýär. Türkmenistanda öndürilen
ýüpek, ýüň, nah matalar Gündogar bilen Günbatar döwletleriniň köp
mähelleli bazarlarynyň gymmatbahaly harydyna öwrülipdir.
Annamyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

RU












