Ösüş-özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bellenilýän Täze ýyl baýramy häzirden şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu günlerden alnyp barylýan taýýarlyk işleri asman boýlaýan Täze ýyl arçalarynyň, şeýle-de ýanýodalardaky, seýilgählerdäki arçalaryň bezeginde, söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýän dürli görnüşli sowgatlarda, aýdymçylaryň taýýarlaýan şowhunly çykyşlarynda, körpejelerimiziň dillerinde sena bolan goşgularda has aýdyň görünýär. Bosaga gelen ýyl müçe senenamasy boýunça — balyk ýyly. Hemmeler Täze ýylyň şatlygynyň bosagasynda dur. Toý-baýramlaryň mekany hasaplanylýan gözel Diýarymyzda Täze ýylyň toý döwresi hem muny dolulygy bilen tassyklaýar. Ýokary guramaçylyga, baý many-mazmuna beslenýän dabaralar, joşgunly çäreler, ajaýyp bezegler bizi şeýle pursatlaryň dowamyna, baýramçylyk ruhuna atarýar. Oňa jebislik, agzybirlik, millilik hem mahsus bolup, bitewülik binýadymyzy barha berkidýär. Bir supra jem bolan il-günümiziň döwletli ýyllary şatlykdan, begençden, buýsançdan doly kalplar bilen garşylamagynyň uly manysy bar. Ol döwletimiziň berkararlygynyň, başymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bardygy, gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň parasadynyň durandygy bilen baglydyr. Şeýle sazlaşygyň, ajaýyp baglanyşygyň bolan ýerinde bolsa, ýyllarymyzyň bereketli geljekdigine berk ynanmaga haklydyrys.
Annaýewa Ogulgeldi,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ mugallymy.