Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň kalbyna nur bolup doldy, ýurdumyzy beýik ösüşlere, buýsançly geljege atardy. Durnukly ösüşiň beýik geljegini nazarlaýan Diýarymyzyň ykdysadyýetinde, medeniýetinde ägirt uly özgerişler bolup geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýäde belent abraýa eýe bolýar. Dünýäde parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde tanalýan Türkmenistan umumadamzat bähbitli başlangyçlary aýdyň beýan edýär. Hut şonuň üçin hem tutuş dünýä biziň berkeýän we gülläp ösýän Watanymyzy, onuň ykdysady, medeni ösüşlerini ykrar edýär. Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir iş diňe adam üçin, adamyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermek, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmegi gazanmak üçin amala aşyrylýar.

Türkmen halkynyň ruhy-ahlak taýdan galkynmagynyň binýadyna öwrülen hem-de jemgyýetiň durmuşynyň ähli taraplaryna uly täsirini ýetirýän milli medeniýet, edebiýat we sungat ösüşinde täze itergä eýe boldy. Milli medeniýetimize, edebiýatymyza, sungatymyza uly sarpa goýýan we ýokary baha berýän Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň gymmatly medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de döredijilikli artdyrmak, şonuň esasynda ýaş nesillerimizi terbiýelemek işinde täze eýýama badalga berdi. Hormatly Prezidentimiziň uly üns, goldaw bermegi netijesinde milli medeniýetimiziň täzeden galkynmagy we gülläp ösmegi onuň zehinli wekilleriniň ýaş neslini kemala getirmek üçin kuwwatly itergä eýe boldy. Halkymyza mahsus bolan döredijilik ruhy döwletimiziň medeni syýasatynyň esasynda goýlup, ýurdumyzda bolup geçýän durmuş-ykdysady özgertmeler onda öz mynasyp beýanyna eýe bolýar.

Türkmen halkynyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan uly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.