Ynsanyň akyl hem paýhasynyň ösüş logikasynyň kanunalaýyklygy adamyň ýaşlyk döwründe daş-töweregine, tebigatyň kanunalaýyklyklaryna, wakalara, hadysalara, jemgyýetiň ýörelgelerine akyl ýetirmeklige synanyşandygyny, ikinji tapgyrda, ýagny akyl-paýhasynyň kämilleşdigiçe özüne düşünmäge, öz-özüne akyl ýetirmäge ymtylýandygyny görkezýär. Emma, özüňe akyl ýetirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Özüňe akyl ýetirip, bu dünýädäki ornuňy aňlamak adam ömrüniň dagynyklykdan bitewilige, gögelelikden paýhaslylyga, kämillige geçiş pursatlarydyr.

Hormatly Arkadagymyzyň “Arşyň nepisligi” atly kitabynda: “Öz-özüň diňe töwerek bilen sazlaşykly ýagdaýda, bitewi görlende aýandyr” diýen pikir öňe sürülýär. Dogrudan hem, şahsyýet tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýşy gurnap, dünýä bilen bir bitewiligiň çäginde özüne akyl ýetirer. Älem bilen adamyň bitewiligiň çygrynda özüni aňlamaklygy milletimizde “Özüni tanan weli” diýen halk pähimi bilen aňladylýar. Bu babatda türkmen zenanynyň dünýäniň maddy gymmatlyklarynyň hataryny artdyran nepis halylarynyň mysalynda onuň halyçylyk hünärinde özüni tapandygyny bellemek gerek. Halyçy zenan öz kesbi, döredijiligi bilen ussatlyk mertebesine galýar. Onuň ussatlygy, zehini, adamkärçiligi, akyl-paýhasy, tebigat hem daş-töwerek bilen gatnaşygy ýaly aýratynlyklary özünde jemläp, älemde nepisligiň hem gözelligiň nusgasy hökmünde kabul edilen ajaýyp halysy bilen sungata dowamatlylyk bagyş edýär. Çyn ussat dogabitdi ýokary ukyba, kämil zehine eýe. Olaryň taryhy ösüşde täzeden gaýtalanmagy milletiň ykbalynyň ýaňadan galkynmagydyr. Hut, şolar öz atlaryny däl, ilkinji nobatda, milletiň adyny taryhy ösüşiň dowamynda ussatlygy, janypkeşligi we guýmagursak zehini bilen dünýä serpaý ýapan gözelligiň, kämilligiň gaýtalanmajak nusgasynyň – türkmen  halysynyň üsti bilen ebedileşdirdiler.

JUMAÝEWA Arzuw
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 203-nji toparynyň talyby