Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, sagdynlaşdyrmak bilen birlikde, ony baýlaşdyrmak babatda hem beýik işler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek, BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp taýýarlamak, «Hazar ekologik başlangyjyny», Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmagyň meseleleri boýunça BMG-niň Sebit geňeşini döretmek ýaly başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi ýurdumyzyň sebitde we dünýäde umumadamzat ähmiýetli meseleleriň üstünlikli çözülmegine gönükdirilen tagallalaryny görkezýär.

Mähriban Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak hem-de olary geljek nesillerimize ýetirmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasaty bagtyýar zamanamyzyň ösen talaplaryna kybap gelýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa taýdan ösen derejelere we talaplara laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen çäreler görülýär. Olar daşky gurşawyň howpsuzlygy babatda hökmany tertipde degişli seljermeden geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde saklanýar. Tebigaty goramak ulgamynda hereket edýän milli kanunçylygymyz ösen döwletleriň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi eziz Diýarymyzyň bu ugurda ýokary tejribeli döwletdigini görkezýär.

«Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ekologiýa syýasatynyň aýdyň miweleridir. Tutanýerli işleriň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär.

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň giň gerimde durmuşa geçirilmegi hem kalplardaky buýsanjy artdyrýan ýagdaýdyr. Ajaýyp zamanamyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda köpçülikleýin bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň netijesinde hem Diýarymyzyň ähli künjeklerinde täze tokaý zolaklary döredilip, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine ägirt uly goşant goşulýar.

Ýurdumyzy jenneti, gül-gülälekli mekana öwürmekde beýik işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!

Mähriban MERDANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, 
Tebigy bilimler fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.