Lazerleriň görnüşleri: Rubin lazerleriň işçi jisimi Al2O3 alýumin okisi bolup, oňa 0,03-0,05% möçberinde üç walentli hromyň ionlary goşulýar. Olar impuls režiminde işleýärler. Rubinden başga-da gaty jisim lazerleri hökmünde ýarymgeçiriji (CaAs) we aýna (flýuorit kalsiý –CaF2,uran, samariý ýa-da neodim goşulan) lazerleri ulanylýar. Bulardan başga-da, mysal üçin: geliýniň we neonyň garyndysyndan taýýarlanan gaz lazerleri bar. Aýratyn hem kömürturşy gazynyň CO2-niň esasynda taýýarlanan lazer giňden ulanylýar. Onuň peýdaly täsir koeffisienti 33% ýetýär (kuwwaty 18 kwt). Bu lazeriň şöhlesi hiç bir kynçylyksyz daş kerpijiniň içinden geçip ony ýakyp bilýär.

Häzirki wagtda işçi jisimi suwuklyk (gadoliniň, neodimiň we samariniň) bolan lazerler hem ulanylýar. Olar spektriň ýaşyl böleginde (0,58 mkm) işleýärler. Bu şöhleler suwuň çuňluguna gowy aralaşyp bilýärler.

Lazerleriň ulanylyşy: Lazer şöhlelerini aragatnaşyk üçin, aýratyn hem ýagtylygy siňdirýän bulutlaryň ýok ýeri bolan älem giňişliginde ulanmaklygyň geljegi uludyr.

Lazer şöhlesiniň ägirt uly kuwwatly wakuumda materiallary bugartmak, kebşirlemek we ş. m. üçin peýdalanylýar. Lazer şöhlesiniň kömegi bilen hirurgiýa operasiýalaryny geçirmek bolýar, meselem: gözüň düýbünden gopan torjagazlaryny “seplemek” bolýar, lazer şöhleleriniň kogerentligini peýdalanyp, jisimleriň göwrümleýin şekillerini alyp bolýar.

Lazerler ýagtylyk lokatorlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, olaryň kömegi bilen predmetlere çenli uzaklyk birnäçe millimetrlere çenli takyklyk bilen ölçäp bolỳar. Şeýle takyklyk bilen radiolokatorlar üçin mümkin däl.

Atomlary ýa-da molekulalary lazer şöhlelenmesi bilen oýandyryp, olaryň arasynda adaty şertlerde bolmaýan, himiki reaksiýalary ýüze çykaryp bolýar.

Lazer şöhleleri kuwwatly ýagtylyk çeşmesidir. Mysal üçin: rubin çybygy nakaçkada w=20Wt energiýa aldy we 10-3s şöhlelendirildi diýeliň, onda şöhlelenme akymy фe=20/10-3 J/s=2.104Wt bolỳar. Bu şöhlelenmäni 1mm 2 üste fokuslap фe/s=2.104/10 -6Wt/m2=2.1010Wt/m2 energiỳa alyp bolỳar. Şeýle kuwwatly şöhle bilen islendik gaty materiallary kesmek, olarda kiçijik deşijikleri emele getirmek bolar.

Mundan başga hem bilermenler lazeriň kömegi bilen ýyldyrymyň ugruny üýtgetmegi başardylar.

Lazerleriň ulanylýan ýerleri şeýlebir giň, olaryň baryny sanap geçmek mümkin däl.

Azizowa Melike
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 106-njy toparynyň talyby