Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry bolmak bilen bir wagtda, bütin adamzadyň akyldar şahyrydyr. Magtymgulyny okan her bir adam onuň şygyrlarynda türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini we tutuş ynsanyýete degişli taglymatlary görüp bilýär. Şonuň üçin-de halkymyzyň we bütin adamzadyň Magtymguly Pyraga bolan söýgüsi çäksizdir.

Akyldar şahyryň şan-şöhraty Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda has belende göterildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe biziň ýurdumyzda däl, dünýäniň ençeme döwletlerinde uly dabara bilen belleniljekdigi bizi diýseň begendirýär. Halkymyz öz akyldar şahyrynyň sarpasyny hemişe belent saklap gelýär.

Eziz Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara uly ähmiýet berilýär. Türkmen halky dünýäniň şygyr sungatyny baýlaşdyrmakda we ösdürmekde uly hyzmatlary bitiren söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa bilen garaýar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz akyldar şahyryň goşgularyny ýatdan aýdypdyrlar, toýlarda aýdym-saz bilen ajaýyp goşgulary belent heňde ýerine ýetiripdirler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli edebiýatymyzy ylmy esasda öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyz, milli medeniýetimiz dünýäde dabaralandyrylýar, giňden wagyz edilýär. Magtymguly Pyragynyň eserleri edebiýatçylar we döredijilik işgärleri, şeýle hem ylmy işgärler, alymlar tarapyndan öwrenilip gelnipdir, häzirki wagtda hem öwrenilýär.

Magtymguly ynsan mertebesini ýokarda goýup, türkmen halkynyň her bir tire-taýpasynyň biri-biri bilen, goňşy halklar bilen agzybir ýaşamak pikirlerini öňe sürüp, özüniň edebi mirasyny ynsanperwer ündewler bilen baýlaşdyrdy.

Asla adamzada ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy.
Bahyla ugramaň, güler ýüz bermäň,
Möhüm bitirmäge kipaýat ýagşy —

diýip, ynsan ähline hormat goýmak, olaryň mertebesini belende götermek pikirini çeper beýan edýär.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarydyr professor-mugallymlary döwletimizde we halkara derejesinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän forumlara, ylmy-amaly maslahatlara, onlaýn duşuşyklara işjeň gatnaşýarlar. 2023-2024-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sapagynyň ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygary bilen geçirilmegi hem aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän goşgusyndan ugur alyp hem-de halkymyzyň erk-islegi esasynda 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrylmagy bolsa ählimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy gymmatlyk hökmünde ynsanlaryň kalbyna çuňňur ornaşýar. Şahyryň edebi mirasy ýaş nesillerimiz üçin hem ylham çeşmesidir, kämil watançylyk kelamydyr. Türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýän, ruhy gymmatlyklarymyzy hormatlap, söz sungatynyň ägirtleriniň sarpasyny belent tutýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik türkmen halkynyň akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Milli Liderimiziň teklibi esasynda bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň güwäsi bolar.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar.

Häzirki wagtda türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň dabarasy dag aşdy. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan, eýýäm geçen ýyldan başlap, Türkiýede, Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyniýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Eýranda, Pakistanda, Hindistanda, Germaniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, filmleriň we wideoşekilleriň görkezilişleri, edebiýat agşamlary, bäsleşikler guraldy.

Şeýlelikde, akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga mümkinçilik berýär.

Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda dokumental filmleri surata düşürmek işini dowam edýär. Ýaňy-ýakynda türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolup, dokumental filmi ýazgy etdiler. Umuman, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanda, Azerbaýjandam Eýranda, Türkiýede we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda dokumental filmleri surata düşürdiler.

Dursunjemal DURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynyñ talyby