Miweli baglaryň arasynda almanyň miwesi ýokary hilliligi, hasyllylygy we tebigy şertlere uýgunlaşmaga ukyplylygy,  uzak ýollara daşamaga we gyşa saklamaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň miwesi terligine, gaýtadan işlenilen we kakadylan görnüşinde ulanylýar.

Witaminlere baý bolan miwe we gök-bakja önümleri iýmek saglygy berkidýär, bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, almanyň düzüminde organiki turşylyklar, şeker, glýukoza, fruktoza, eý maddalary, efir ýaglary, witaminler, pektin maddalar, antioksidant, mineral duzlar, demir, margens, kaliý, kalsiý, natriý, ýod ýaly maddalar jemlenendir. Onuň dermanlyk häsiýetleri gadymy wagtlardan bäri bellidir. Bu barada Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda hem bellenilýär.

Almanyň çigidi, gabygy hem peýdalydyr. Almanyň çigidinde ýod köpdir. Bedeniň ýoda bir gije-gündizlik talabyny kanagatlandyrmak üçin onuň çigidiniň 5-6 sanysyny iýmek ýeterlikdir.

Almanyň düzüminde demir hem köp. Bedende demiriň ýetmezçiligi ganazlyga eltýär. Şonuň üçin ganazlykda alma iýmek maslahat berilýär. Ganazlyk üçin alma saýlanyňda, onuň miwesiniň gök reňkli görnüşine üns bermeli. Sebäbi miwesi gök almada köp mukdarda demir saklanýar.

Alymlaryň berýän maglumatlaryna görä, adam günde bir alma iýse, saglygyny berkitmäge uly kömek edýär. Almadan demlenen çaýy içmek aşa semremeden saklaýar, şeýle-de rahatlandyryjy serişde hökmünde ulanylýar.

Taganbaýewa Züleýha,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
iňlis dili we edebiyaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.