Dört müň ýyllyk taryhy bolan hokkeý oýny ynsan dünýäsinde ilkinji gezek ýüze çykma bilen 1272-nji ýylda Irlandiýada oýun hökmünde kabul edilipdir. Elbetde ylmy çaklamalar hem-de taryhyň nazary bilen seredilende häzirki döwürde hem öz muşdaklaryny edil bir täze zat ýaly özüne çekýän bu oýunyň biziň ýurdumyzda hem geçirilmegi, güneşli Türkmenistanda buz üstünde oýnalýan oýnuň geçirilmegi bizi buýsandyrýar. Alymlar tarapyndan subut edilen fiziki hem beden güýçlerinden başga-da umumy pikirlenmegi we ugurtapyjylygy talap edýän bu oýnuň kökleri gadymyýete uzaýandygyny biziň hemmämiz bilýäris. Alymlar tarapyndan subut edilen, ussat ökde türgenler diňe bir fiziki, taktiki taýdan dälde eýsem olaryň psihologik taýdan taýýarlygyna baglydygy türgeniň özüni alyp baryş usullary bilen ölçelinýär.

Türgenden örän jaýdar psihologik aýratynlygy talap edýän bu oýunda her bir pursat hem çalt hem-de ýerlikli bolmaly. Ýalňyşmak bolmaýan hereketler basym wagty almaga çenli baryp ýetýär. Elbet-de türgen özüniň ukyp başarnygy  fiziki, taktiki, tehniki taýdan we içki güýjüni daşyna çykarmak üçin psihologiýanyň täsiri ulydygny bilmeli we türgeniň ýolunyň nähili düşjekdigini pikirlenmelidir. Psihiki taýýarlygyň esasy täsirleri ýaryşdan öňüräkki günlerde ýüze çykyp başlaýar. Şol ýerde eýýäm türgeniň türgenleşik döwrüniň birnäçe günleriň, aýlaryň, ýyllaryň dowamynda gazanylan emelleri, umytlary  birnäçe minutda hat-da sekuntda hem puja çykyp bilýär. Şeýle- de haýsy ýaryşda bolsa bolsun, türgeniň psihiki taýdan taýýarlygy ýüze çykýar.

Her bir türgeniň ýaryşda üstün çykmagy üçin şol türgeniň sportyň haýsy ugry boýunça hereket edilmelidigini doly derejede bilmelidir. Çünki türgeniň üstünligi onuň fiziki göwresini taýýarlamak bilen psihiki taýýarlygyna- da diýseň uly täsirini ýetirýär. Türgeniň türgenleşik wagtynda sportyň haýsy ugry boýunça ýeňiş gazanmaga ymtylmagyny, ol ýaryşda özüni nähili alyp barmalydygyny aslynda türgenleriň dogry hem anyk ýagdaýda göz ýetirmegi gerekdir.Hokkeý oýny hem gaty gadymyýetden bäri juda taýýarlykly oýnalýan oýunlaryň biri bolup, bu günki gün hem özüniň gymmatyny ýitirmän dünýä sport söýüjileriniň söýgüsi bilen ýaşaýar.

Oguz han adyndaky İnžiner tehnalogiyalar uniwersitetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyñ mugallymy Çary Annanazarow