Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2024-nji ýylyň 27-nji martynda  «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda: «Änew türkmen halkynyň şöhratly taryhynda özboluşly orny eýeleýär. Bu şäheriň Türkmenistanyň gadymy medeniýetini, milli gymmatlyklaryny, halkymyzyň däp-dessurlaryny dünýäde giňden tanatmakda möhüm ähmiýeti bardyr.» – diýip örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen halkynyň iň gadymy medeni mirasy bolan Änew häzirki ajaýyp zamanamyzda – Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen, ata Watanymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylymyzda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen belent abraýa eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň iň gadymy siwilizasiýa şäheri Änewiň mukaddes topragynda  ýurdumyz özüniňgadymy taryhyna, baý milli medeniýetine ylmy we döredijilik intelligensiýanyňünsüni çekmäge, häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik alýar.

Mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi düýpli we giňişleýin beýan edilip, dürli taryhy maglumatlar berilýär. Şeýle hem bu ajaýyp eserde halkymyzyň taryhy, asyrlaryň dowamynda kemala gelen gadymy medeni, ruhy däp-dessurlary barada söhbet edilýär.

Ýurdumyzda geçen aýyň ahyrynda geçirilen «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty, «Türkmen topragy — gadymy siwilizasiýalaryň merkezi» atly metbugat maslahaty, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty taryhy we medeni ýadygärlikler bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklar bolup durýandygyny bütin dünýä jemgyýetçiligine aýan etdi. Änew galasy we Seýit Jemaleddin metjidiniň galyndylary bu ýerde beýik siwilizasiýanyň bolandygyna güwä geçýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, mertebesi belent hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Änewiň iň gadymy ýadygärlikleri ylmy esasda düýpli hem töwerekleýin öwrenilýär we onuň taryhy ähmiýetini artdyrmak üçin zerur ädimlerem ädilýär.

Aýnagözel GUMÇYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby