Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň bitewi we jebis jemgyýetimiziň belent döredijilik ruhuny öz içine alýan hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza özboluşly öwüşgin çaýýan umumymilli baýram hökmünde bellenmegi biziň her birimizi watançylyk duýgusyna, uly ruhubelentlige besleýär.

Bu gün külli türkmen iliniň akyldaryň bir başa uýmak sargydyndan ugur alyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töwereginde jem bolup, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň ajaýyp baýram edilmegi, akyldar şahyryň edebi mirasynyň öwrenilmegi, dünýä giňişliginde wagyz edilmegi biz ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmegi, şeýle hem onuň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi ady belli söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetlidigini görkezýär. 1992-nji ýylda döredilen bu maksatnama dünýäniň aýratyn ähmiýete eýe bolan ýazuw ýadygärliklerini gorap saklamagy, giň jemgyýetçiligiň olara elýeterliligini üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular toplumy onuň XVIII-XIX asyrlarda ýurdumyzyň çäklerinde saklanyp galan golýazma eserlerini öz içine alýar. Biziň günlerimize gelip ýeten mirasyň bu seýrek nusgalary diňe bir türkmen halkynyň däl-de, ähli türki halklaryň, Merkezi Aziýa, Ýewropa edebiýatynyň hem gymmatlygydyr. Bu ýygyndy Magtymgulynyň golýazmalaryndan we onuň ýakyn garyndaşlarynyň, ildeşleriniň, şahyrlaryň, alymlaryň, halk bagşylarynyň dilinden ýazylyp alnan 80-den gowrak diwandan ybaratdyr. Häzirki wagtda Daşkendiň, Sankt-Peterburgyň, Londonyň, Budapeştiň, Stambulyň gaznalarynda saklanýan golýazmalaryň nusgalary-da bar. Olaryň käbiri XVIII asyra degişli kitaplardyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýän zamanasynda milli terbiýeçilik däplerimize eýerip, halk pedagogikasynyň iri şahalarynyň biri bolan Magtymguly atamyzyň eserleriniň terbiýeçilik täsirinden yzygiderli peýdalanmaga, ony ýaş nesilleriň öwertmege  uly mümkinçilikler döredilýär. Gündogaryň beýik söz ussadynyň doglan gününiň ýubileý senesiniň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bolsa bu asylly ýörelgeler has-da rowaçlanýar.

Türkmeniň terbiýe taglymatynyň köklerini berkidip, asylly işlerde bize halypalyk nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyza, Pyragynyň arzuwlan zamanasynda döwletimiziň täze Galkynyşyny rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Annageldiýewa Aýşat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 117-nji toparynyň talyby