Näme zada barlyk diýip bolar? Bar zadyň hakykatdan hem bardygyny nädip bilmeli?
Barlyk sözi, anyk düşündiriş bererden giň manyly söz. Ol düşünje, aňladylýan ýagdaýa görä giň hem-de dar manyda ulanylýar.
Giň manyda barlyk bu – biziň daş-töweregimizi gurşap alýan OBÝEKTIW reallykdyr (ideal hem material barlyklaryň ählisi degişli). Dar manyda alynanda, duýgy organlary bilen alynan maglumatlar esasynda aňymyzda peýda bolýan şöhlelenmedir (SUBÝEKTIW häsiýetli)
Barlyk düşünjesiniň esasy kriteriýalary wagt, giňişlik we hereketdir. Eger bir jisim bar boljak bolsa, ol hökman hereket etmeli, giňişlikde orny bolmaly we ömrüniň dowamlylygy bolmaly. Hereket etmeýän zat bolup bilmez. Eger bir zat bar bolsa we hereketde bolsa, onda ol giňişlikde hökman bir orny eýelär. Bir ýerde bar bolan we hereket etýän zat, ornuny (häsiýetini) üýtgeder. Üýtgemesini bolsa wagt bilen häsiýetlendireris. Üýtgewsiz zat ýokdur, ýagny bar zat wagta garaşlydyr.
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň
Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyby
Şamyradowa Maftuna