Magtymguly Pyragy umumy adamzat şahyry we akyldarydyr. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellenilýän bu ýylda akyldaryň köptaraply döredijiligi içgin öwrenilýär. Akyldaryň bir watana gulluk etmek we diýarymyzyň gözel tebigatyny söýmek baradaky pikirleri onuň döredijiliginiň esasyny düzýär. Türkmeniň gözel tebigaty şahyra liriki eserleri döretmäge ylham berýär. Tebigatyň gözel görnüşleriniň, ajaýyp gurşawyň Hudaý tarapyndan dörändigine uly ynam bildirýär.

Hak sylamyş, bardyr onuň saýasy,

Çyrpynşar çölünde neri, maýasy.

Reňbe – reň gül açar ýaşyl ýaýlasy,

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.

Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” atly goşgusynda tebigat bilen ynsanyň aýrylmaz baglanşygy, tebigaty gözel gurşawy çeper pikirleriň esasy ugry bolupdyr. Şol döwre çenli bolan peýzaž şygyrýeti romantiki häsiýete eýe bolupdyr. Janly tebigat şertleýin häsiýete eýe bolupdyr. Daşky gurşawy çeper beýan etmek Magtymgulyda başgaça – hakykata ýakyn häsiýete eýe bolupdyr. Onuň eserlerinde biz janly tebigatyň hakyky gözelligini duýýarys.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ebedi mirasa öwrüljek şygyrýet dünýäsini miras galdyrmaga türkmen tebigaty ylham beripdir. Pyragy Etrek-Gürgen sebitleriniň hak aşygy bolup, ýaz we tomus pasyllarynda döwet galamyny we kagyzlaryny göterip, Etrek çaýlarynyň owadan kenarlaryna, salkyn saýalaryna, gyş aýlary bolsa şemal geçmeýän ýyly gowaklarynda oturyp goşgy ýazýar eken. Magtymguly Pyraga tebigatymyzda bitýan arça, üzüm, zirk, böwürslen, injir, hoz, nar, miweli we miwesiz agaçlary, dürli ösümlikler bilen bezelen gözel çaýlary bezeýan jandarlary bolan gözel daglary gezmek ylham beripdir.

Hasar dagy beýik bolar

Üsti doly keýik bolar

Mergenlere seýik bolar

Barsaň, Hasar dagyndadyr

Türkmen tebigatynyň gözelligini suratlandyrmak bilen, şahyr iň nazik ynsan duýgularynyň taryna kakýar. Söz uusadynyň köptaraplary döredijiligi häli-hazirler hem ynsanlara öz tebigatynyň keşbini bilmäge, onuň özboluşly aýratynlyklaryna guwanmaga ýardam berýär. Magtymguly Pyragynyň “Soňudagy” atly goşgusyndadag tebigatynyň gözelligi barada ajaýyp jümleleri belleýär.

Kesgiç-kesgiç baýyr geçer,

Gyzylbaýyr göwün açar,

Sowuk çeşme suwun içer,

Şonda dürli malyň seniň.

Magtymguly Pyragynyň köptaraply edbi mirasy biziň halkymyz üçn uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Köpetdagy etekläp oturan medeni-seýilgäh toplumy we tebigy belentlikde ýerleşen Pyragynyň 60 metre golay bürünç heýkeli akyldaryň beýikligini, daglara türkmen tebigatyna bolan çäksiz söýgüsini görkezip belentlerden howlanyp görünýär. Göýäki Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gurýan belent binalaryna, merjen şäherimize, watanymyzyň gül-gülzarlygyna, agzybirligine, jebisligine buýsanýan ýaly görnüşi janladyrýar. Watany söýmegi ony gözüň göreji ýaly ezizlemegiň belent nusgasyny mekdep edýän Garyman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu medeni-seýilgäh toplumy ýaşalary watansöüýjülige, paýhaslylyga, ruhy şähsyýetlerimizi sarpalamaga çagyrjak seýilgäh bolar. Agzybirligi arzuwlan Dana Pyragynyň hyýallaryny döwlet işlerinde mynasyp amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik

akademiýasynyň mugallymy Maýa Halykberdiýewa