Täze taryhy döwürde türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, hususan-da, el halylaryny aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Türkmen halylarynyň gadymy gölleriniň gelip çykyşynyň taryhy aýratynlyklary bar. Çeper elli zenanlar haly göllerinde hemişe daşymyzy gurşap alan hakykaty şöhlelendiripdirler, şolarda bolsa gadymy taryh we häzirki döwür utgaşýar. Bu göller milli öwüşgine eýe bolup, gadymy döwürlerden bäri gymmatlygyny saklap gelýär. Halk pähiminde bellenilişi ýaly, suw — türkmeniň durmuşy, at — türkmeniň ganaty, haly — türkmeniň kalby.
Bu gün halyçylygyň täsin senedini giňden ýaýmak, gözelligi boýunça deňi-taýy bolmadyk gadymy halylary aýawly saklamak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedowyň parasatly syýasatynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň halyçylyk pudagynyň önümçilik düzümi döwrebaplaşdyrylýar, täze fabrikler gurulýar we hereket edýän önümçilikleriň durky täzelenýär. Şolarda çeper elli halyçylaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de döredijilik pikirlerini amala aşyrmak üçin amatly şertler döredilýär.
Haly dokalýan döwrebap kärhanalar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hereket edýär. Şolarda ölçegleri hem-de dokalyşy boýunça kämil halylar öndürilip, olar hökümet toplumlarynyň, medeni merkezleriň we muzeýleriň ajaýyp zallaryny bezeýär.
Halyçylygyň taryhy
Halyçylyk-türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň has gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Halyçylyk sungaty öz gözbaşyny gadymy geçmişiň jümmüşinden alyp gaýdýar hem-de baryp 5 müň ýyl mundan ozal türkmen halylarynyň dokalandygy äşgär edildi.
Sumbar jülgesindäki Parhaý (Türkmenistan) diýen ýerde giçki bürünç eýýamyna degişli mazarystanlykda arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilen mahalynda, alymlar baý we dürli görnüşdäki haly önümçiliginde ulanylan materiallary toplapdyrlar, munuň özi şol ýerlerde ýaşan gadymy ilatyň durmuşyna degişli köp zatlary anyklamaga mümkinçilik döretdi.
Sumbar jülgesindäki we Parhaýdaky mazarystanlyklarda diňe zenanlaryň jaýlanan guburlaryndan egirmek üçin niýetlenip, daşdan edilen bikoniki zatlaryň 40-sy tapyldy. Şol zatlaryň biri bürünçden edilen oka /steržene/ geýdirilipdir, munuň özi onuň näme üçin ulanylandygyny görkezip, bu baradaky şübhelenmeleri asla aradan aýyrdy.
9 sany zenanyň guburynda egirmek üçin niýetlenen zatlar, käbirinde bolsa hatda çişler we temenler bilen birlikde, özboluşly zatlaryň 16-sy ýüze çykaryldy. Uzynlygy 6-9 santimetre barabar bolan bürünç plastinalar emaýlyk bilen egreldilipdir, olaryň bir ujunda deşik bar, bularyň özboluşly haly dokalanda, ýüpi kesmek üçin peýdalanylan özboluşly iş gurallarydygyna göz ýetirmek kyn düşmeýär. Guburdan tapylan zatlar häzirki wagtda haly çitilende ulanylýan pyçaklara-keserlere dolulygyna laýyk gelýär we bular diňe haýsy materialdan taýýarlanylyşy boýunça biri-birinden tapawutlanýarlar.
1947-nji ýylda Altaýdaky Pazyryk diýen depede ýerleşen gadymy mazarlykda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasy ýüze çykaryldy. Radiouglerodly usuly ulanmak arkaly, onuň 2400 ýyl mundan ozal dokalandygy kesgitlenildi. Bu tüýjümek halynyň şunça wagtlap ýatsa-da, kän bir zaýalanmandygy diýseň haýran galdyrýar. Haly oňat ýagdaýda saklanypdyr, onuň ýerligi gyzyl reňkde bolup, reňkleriniň gammasy we nagşyň geometriki taýdan örän takyk çitilişi boýunça edil häzirki türkmen halylaryna meňzeş. Onuň möçberi 183х200 santimetr, 1 inedördül dm. syklygy 3600 çitimden ybaratdyr. Häzirki wagtda bu haly Sankt-Peterburgdaky Ermitažyň gaznalarynda saklanýar.
Halynyň nagşynda ykjam jemlenen görnüşde hakyky ýagdaýa degişli keşpleri şekillendirmegi başaran halyçylaryň nepisligi duýşy we çeperçilik bilen bagly zehini haýran galdyrýar we kalbyňda buýsanç döredýär.
Halylar barada ХIII asyrda ýaşan wenesiýaly Marko Polonyň ýazgylarynda ýatlanylýar. Dünýäniň birentek ýerlerine baryp, geň-enaýy zatlary gören bu syýahatçy türkmen halylary barada ýazyp, “bu ýerde dünýädäki iň neps we ajaýyp halylaryň dokalýandygyny” aýdýar.
Häzirki wagtda-da Angliýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Awstriýanyň, Şweýsariýanyň, Amerikanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Müsüriň muzeýlerinde, sergi zallarynda we galereýalarynda türkmen halylarynyň gadymy nusgalary saklanýar. Başga-da birgiden ýurtlaryň çeperçilik galereýalarynda türkmen halyçylygyna degişli ajaýyp nusgalar bar.
1914-nji ýylda sungaty öwreniji A. Felkerzam şeýle sözleri ýazypdyr: “Türkmen halylaryny iň bolmanda, bir gezek synlan adam dokalyşynyň tehnikasy barada aýtmanyňda-da, onuň diňe nagşy boýunça beýleki taýpalaryň we halklaryň önümlerinden tapawutlandyrmagy başarýar. Nagşy takyk beýan etmek asla mümkin däl, çünki ondaky şekilleriň özboluşlylygyny güller ýa-da belli bir geometriki şekiller bilen deňär ýaly däl”.
Babaýewa Täç
Daşoguz şaheriniň 8-nji çagalar
bakja-bagynyň terbiýeçisi