Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny maksatnamalýyn ösdürmek döwrüň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow ylmy-barlag işler bilen meşgullanmana, erkin döredijilik etmäne giň mükinçilikleri döredip berýär. Muna mysal edip täze binasynyň Arkdag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän dünýäniň ösen talaplaryna jogap berýän täze innowasion tenkilar bilen üpjün edilen ylmy- barlag ekerançylyk, däneçilik, pagtaçylyk institutlarynyň, ylmy-barlag synag hojalyklaryny görkezmek bolar.
24-nji iýunda Türkmen Halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkdagymyz Hormatly Predentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabat şäherine iş saparynda boldy şeýle-de Arkadag şäherine baryp ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we ylmy-barlag işleriuň alnyp barylyşy bilen gyzyklandy.
Mälim bolşy ýaly türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda Arkadag şäherinde gurlan Oba hojalyk toplumynyň binasyna ylmy-barlag institutlarynyň göçürilip getirilmegi ýurdyn alymlary üçin ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy-barlaglary netijeli alyp barmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir.
Gahryman Arkadagymyz ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmeginiň wajyp wepize hökmünde kesgitlenendigini belläp, ekinleri ýazky we güýzki möhletlerde ösdürip ýetidirmegiň usullarynyň kämilleşdirmegine, bu ugurda milli ekerançylyk däpleriniň we dünýäniň ösen tejribesiniň netijeli özleşdirilmeginiň ünsi çekdi.
Dünýä ylmy bilen gadymy türkmen milli tejribesini utgaşdyryp oba hojalygyny ösdürmek ýerli türkmen sortlarymyzy hilini gowulandyrmak bu günki günde türkmen alymlarynyň öňünde durýan esasy meselleriň biri bolup durýar. Sebäbi Güneşli ýurdumyz gadymy döwürlerden bäri iň datly gawunlaryň, ak bugdaýyň watany hasaplanýar. Şol gadymy görnüşleri we sortlary köpeltmek olaryň asyl nusgalaryny saklap galmak boýunça ylmy-barlag işleri alyp barmak alymlary esasy wezipesi bolup durýar.
Ýurdumyzda işlemäge, okamaga, erkin döredijilik, ylmy-barlag işler bilen meşgullanmana giň mükinçilikleri döredip berýän G|ahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!
Mährijemal Gurbanowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kaferdasynyň mugallymy