Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynda ylma daýanýan, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukuply bolan önümleri öndürmek wezipesine aýratyn orun degişli bolup, täze bilimleriň we tehnologiýalryň döredilmegi, şeýle-de olaryň döwletiň durmuş-ykdysady ösüşiniň hatyrasyna ulanylmagy dünýä hojalygynda ýurduň tutýan ornuny hem-de milli howpsuzlygyň üpjün edilişiiň derejesini kesgitleýän görkezijidir. Ýurtda innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilknji nobatda ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi bermek bilen, oil täze senagat kärhanalarynyň , oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar.
Şeýle görnüşdäki toplumlaýyn çäreleri guramak şeýle-de
oba hojalygyndaky köp sanly meseleri çözmek maksady bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz 24-nji iýunda Arkadag şäherindäki Oba hojalyk toplumynyň binasynda ylmy-barlag institutlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdi we bu ugurda ýerine ýetirilen we ýerine ýetirmeli işler barada hasabatlary diňledi. Ylmy-barlag işleriň gidişi barada gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyz oba hojalyk pudagynyň ylmy esasda ösdürilýändigini, pudagyň ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň, täze tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy barada nygtady
Selbi Garaýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy