Häzirki wagtda ýurdumyzda galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmeti, döwletimiziň yzygiderli goldawy netijesinde, şu ýyl eziz Diýarymyzda gallanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Bu bolsa, obasenagat toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny mynasyp dowam etdirýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler maksatnamasynyň aýdyň miwesidir.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň eteginde ýerleşýän “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumyna bardy we bu toplumyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede gurlup, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhananyň düzümine elewator we un, çörek önümleri bölümleri girýär. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze bölüm işleýär. Gahryman Arkadagymyz täze bölümiň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň aýratynlyklary, işleriň ylmy esasda alnyp barlyşy bilen gyzyklandy.
Alym Arkadagymyz kärhananyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdy. Bu ýerde işleýän hünärmen barlaghananyň iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylandygyny, geçirilýän ylmy barlaglaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýändigini belläp geçdi. Şeýle-de ol önümçilik düzümlerinde netijeli işlemek, dynç almak üçin zerur şertleriň döredilendigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz barlaghananyň işiniň önümçilik toplumynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, bu ýerdäki işleriň ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelmelidigini, işgärleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmalydygyny aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
Kärhananyň hünärmenleri bölümiň dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilendigi üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirip, täze bölümiň işleýiş tertibi barada gürrüň berdi. Ýagny b ýerde tohumlyk däneler ýörite şöhläni ulanmak arkaly saýlanylýandygy, bu enjamyň bugdaýlary onuň reňkine, göwrümine laýyklykda arassalaýandygy, bu bolsa arassa we ýokary hilli bugdaý tohumyny taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini aýtdylar.
Döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bölümde işlejek hünärmenler dünýäniň ösen ýurtlarynda tejribe okuwlaryny geçdiler. Munuň özi işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy bilen bir hatarda, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ösen halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyz döwletimiz tarapyndan oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen bagly işleriň alnyp baryljakdygyny belledi we hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Meretjan ARAZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy