Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ýaş nesle bilim-tebiýe bermek, ýaşlary ylmy işler bilen meşgullanmana çekmek babatda köp sanly işler alnyp barylýar. Bu işleri ýerine ýetirmeklige Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhammedow tarapyndan uly goldaw berilýär. Türkmen ýaşlaryna bu günki günde ylym öwrenmäge hünär öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilip berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň ilknji Kitabynyň hem “Ýaşlar wataynyň daýanjy” diýip atlandyrylmagy we şol kitabyň sahypalarynda ylymda uly ösüşlere üstünliklere eýe bolan ýaşlaryň adynyň bolmagy ýaşlar baradaky edilýän ullakan aladadan nyşandyr.
Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat şäherine hem-de Arkadag şäherindäki Oba hojalyk toplumyna bolan iş saparynda ylmy-barlag däneçilik, pagtaçylyk, ekerançylyk institutlarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşanda hem ýaşlary ylma çekmek, ýaş hünärmenleri döwrebap tehnologiýalardan çykarýan gujurly ýaşlary terbiýeläp olardan ökde hünärmenleri taýýarlamak barada durup geçip şeýle diýip:
__ Bu ylmy institutlar oba hojalygyny toplumlaýyn ösdürmäge, önümçiligi täzeçe guramaga ýardam bermelidir. Ýaş hünärmenleriň tejribe toplamagyna, özbaşdak oýlap tapyşlar bilen meşgullanmagyna itergi bermelidir. Oba hojalygynda äjli işler ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Bu bolsa ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmäge şert döreder – belläp geçdi.
Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyz oba hojalykçy alymlar bilen duşuşyklaryň guralmagynyň, oňa ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we ýaş mugallymlarynyň işjeň çekilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi.
Gülälek Ýazmedowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň, Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň uly mugallymy.