Türkmen halky özüniň milli gymmatlyklaryna uly sarpa, hormat goýýar, başynyň täji saýýar. Şeýle gymmatlyklaryň hatarynda ene-mamalarymyzyň mähir-muhabbetinden, yhlasyndan dörän haly dokamaklyk asyrlar dowamynda nesilden nesle geçip, ajaýyp sungata öwrülip barýar. Türkmen halysy halkymyzyň hal-ahwalyny, köňül arzuwlaryny, ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny, türkmen tebigatynyň gözelliklerini beýan edýän milli gymmatlygymyzdyr.
Türkmen halysynyň müňlerçe asyrlyk taryhynyň bolşy ýaly, onuň nagyşlary hem döredilen döwrüniň ýagdaýyny aýan edýär we nesilden nesle geçýär. Türkmen halysynyň bejerijilik häsiýeti hem uludyr. Ene-mamalarymyzyň aýdyşyna görä, gury agyry kesellilere haýry känmiş. Gözüň ýagyny iýip barýan türkmen halysyna seredeniňde gözüň eglenýär, ýüregiňe rahatlyk, göwnüňe ýakym berýär. Il arasynda “Haly dokalýan öýe baranyňda halynyň ýüzüni sypamasaň öýkelärmiş” diýip aýdylýar.
Dünýäde şöhratlanýan türkmen halysynyň döreýşi, nagyşlarynyň taryhy, sungatynyň inçeligi barada birnäçe rowaýatlar, tymsallar bar. Rowaýatda beýan edilşine görä, gadym wagtlarda bir obada çeper elli gyz ýaşapdyr. Onuň dokan halylary adamlary ruhlandyrýpdyr, dertlilere em bolupdyr, hassalary sagaldypdyr. Obanyň beýleki halyçy gyzlary onuňky ýaly halyny dokap başarmandyrlar. Çeper elli gyz halysyna salýan nagyşlaryny harplara meňzedip dokapdyr. Onuň her halysynda üýtgeşik nagyşlar döräp, göreni haýrana goýýarmyş. Nagyşlarynyň manysy barada doganlaryna gurruň berer ekeni. Onuň dokan halylarynyň manysyna özi we erkek doganlary düşüner ekeni. Halyçy gyzyň halylarynyň şan-şöhraty bolsa dünýä ýaýrapdyr. Oba adamlary ýazlaga çykanda, duşmanlar çeper gyzy alyp gaçýarlar. Doganlary ony dokan halysyndan tapmak üçin bazar baryny aýlanypdyrlar, emma tapmandyrlar. Günleriň birinde sil suwy bilen akyp gelen bir haly hemmeleri haýrana goýupdyr. Ol halydaky nagyşlar ogurlanan çeper elli gyzyň nirdedigini aýan edipdir. Doganlary halydaky nagyşlaryň manysy boýunça yzarlap gyzy tapypdyrlar. Şeýlelikde, jöwher paýhasly, çeper elli gyz öz el hünäriniň kömegi bilen iline gowşupdyr.
Milli Liderimiz Garyman Arkadagymyzyň we Hormatly Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda taryhyň ýeňişli hem pajygaly pursatlaryna şaýat bolan bu milli sungatyň mertebesi has belende galýar. Çeper elli ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungaty we beýleki çeper el işleri, olaryň gadyr-gymmaty türkmeniň geçmişinden şu güne we geljege uzaýan şöhratly sungatydyr. Ençeme asyrlaryň dowamynda emele gelen şeýle ajaýyp sungaty döredenleriň türkmen zenanlarydygyna bagtyýar halkymyz tüýs ýürekden buýsanmaga haklydyr.
Gunça Ömürsöýünowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.