Rambutan-bu täsin görnüşli miwe ýertudyn mymyk şekili ýaly görünýär. Onuň watany günorta-gündogar Aziýa bolup, ýöne ol beýleki sebitlerde has-da Kosto-Rikada giň ýaýrandyr. Oňa “hytaý sorujy enjamy” diýýärler.Miwesi 3-6 santimetr diametr ululykda bolup, sünmek şekillidir.Miwesiniň iýilýän bölegi birneme gatyrak bolup, gabygyndan ýeňil aýrylýar, tagamy süýjümtik-turşyrakdyr.
Moringa
Bu miwäniň birnäçe atlary bolup, oňa uly moringa, hindi tut agajy we ş.m. onuň watany Awstraliýa we günorta-gündogar Aziýa hasaplanýar.Şeýle-de ol tropiki etraplarda köpçülikleýin ekilýär. Agaç ýylyň dowamynda miwe getirýär, kakun boluşy ýaly miwe bişip ýetişende ýiti ysly bolýar. Miwäniň ýini ysyna seretmezden ol kleçatka, witaminlere,beloga, demre we kalsa örän baýdyr. Ýuwaş ummanyň golaýyndaky döwletleriň esasy iýmiti hasaplanýar.Bu miwäni terligine duz sepip ýa-da bişirip iýmek bolýar.
Kelowa Mähriban
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä diller institutynyň talyby