Bu bezeg ösümlik gülçanaklary, ýanjoýalary gurmak, ýodalary, meýdanlary bezemek we kesmek üçin ulanylýar. Kesilen güller suwda uzak wagtlap gözelligini saklaýarlar. Gülleriniň reňki dürli-dürli: altynsöw—sary, garamtyl-gyzyl, melewşe, mämişi ýa-da iki reňkli gyzyl bilen sary, melewşe bilen ak.

Sinniýalar gülleriniň gurluşy boýunça georginalara, hrizantemalara, kalendulalara meňzeş. Beýikligi boýunça uly sortlary- beýikligi 70-90 sm-e çenli, pes boýly sortlary 30-35sm, liliput sortlary 30 sm-e çenli we karlik sortlary20 sm-e çenli tapawutlandyrýarlar.

Sinniýalar şitil usuly bilen köpeldilýär we ösdürýärler. Tohumlary ýyladyşhanalara ekmeklik apreliň ahyrynda maýyň başynda amala aşyrylýar. Şitiller bir hepdeden soň peýda bolýar we şu pursatdan soň ýyladyşhanany şemalladyp durmak hökmandyr. Şitiller göçürmäni ýeňil geçirýär we çalt boý alyp başlaýarlar. Sinniýa topraga kän bir talapkär däl, emma gurply we aram çyglylykly toprakda gowy ösýär we bol gülleri emele getirýär. Bu ösümlikler ýylylyk we ýagtylyk söýüji. Olar aýaza çydamsyz, emma ýokary temperatura, howanyň we topragyň pes çyglylygyna çydamly hasaplanýarlar.

Şitilleriň topraga oturtmasyny hat-da gülläp duran wagty amala aşyrsaňam bolýar, olar toprak bilen gowy alyşýarlar. Hemişelik ýere göçürilende uzyn boýly ösümlikleri hatar arasyny 40-50sm, pes boýlylary 30 sm aralyk goýup ekýärler. Gurak howada aram suwaryş hökmandyr. Sinniýa iýundan güýz aýazlaryna çenli bol gülleýär. Güllemek döwri tamamlanan gül göterijileriň öz wagtynda aýrylmagy bilen gülleýiş dowamlylygyny we gülleriň sanyny degerli ýokarlandyryp bolýar.

Hojagulyýewa Altyn

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby