Tebigatda duş gelýän täsin ösümlikleriň birihem sözendir sözen biziň ýurdymyzda 3 görnüşi duş gelýär olaryň biri hem Eýhwaldyň sözeni-Ammodendron eichwaldii-Песчаная акация Эйхвальда kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 1-2 metr gyrymsy wekili. Sapajygy uzyn ýiti, ujy agaçlaşan tikenli, tas keseligine eglen. Ýaprajyklary 2, seýrek 3 jübüt, uzynlygy 10-25 mm, elliptik süýri ýada çyzykly süýri, gaty, ujy tikenli. Ýaprakýany gaçmaýan 2 tikenlije. Gülleri melewşe reňkli salkyma ýygnalan. Kösüginiň uzynlygy 15-20 mm inçe ganatlyja çyzykly ýada süýri tegelek gysylan ýüpekjümek tüýlüje, bir tohumly. Ol çägeli we toýunly topraklarda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik ösüşini mart aýynyň ahyrlaryna başlaýar aprel-maý aýlary gülleýär, maý-iýulda miweleýär. Ol tohumy arkaly köpelýär. Biziň güneşli diýarymyzda ösümlik Hazarýaka çölünde, Garabogazköl-Türkmenbaşy aralygynda Üstýurtda, Çagylda duşýar Daşoguz welaýatynda esasanam Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çyryşly meýdanynda şeýle hem Üstýurt belentliginiň eteginde duş gelýär. Eýhwaldyň sözeni Türkmenistanyň endemik ösümligi. Hormatly Arkadagymyzyň Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri atly köp jilitli ensiklopedik işinde hem Eýhwaldyň sözeni barada giňişleýin maglumat berilýär. Ösümligiň şahalarynda, ýapragynda we tohumynda alkaloidler, pahikarpin, sitizin, spartein, ammodendrin saklanýar. Türkmen Halk lukmançylygynda sözeniň tohumy böwrek kesellerinde peýdalanýar. Mundan başgada bezeg bagçylykda, boýag işlerinde we çäge berkitmekde giňden peýdalanylýar. Goraghananyň işgärleri tarapyndan ösümligiň ösýän ýerlerini kesgitlemek boýunça işler alynyp barylýar. Tebigatyň türkmen halkyna eçilen gözelligini goramak we onuň baýlyklaryndan ýerlikli peýdalanmak ýurdymyzyň her bir ýaşaýjysynyň mukaddes borjudyr.
Piriýew Begenç,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy bölüminiň uly ylmy işgäri.