Türkmenistanda seýrek duşýan we endemiki görnüşleriň umumy mukdary alymlar we hünärmenler tarapyndan dürli derejede kesgitlenýär. W.W.Nikitin beýleki alymlar bilen 1978-nji ýylda şu görnüşleriň mukdaryny 442-a barabar etdiler. Häzirki döwürde bolsa olaryň mukdaryny alymlar 550-a golaý barabar edýärler. Turkmenistanyň ähli florasynyň düzüminden endemiki we seýrek duşýan görnüşleriň mukdary 15%-e golaýdyr. Bu görnüşleriň köpüsi dag ulgamlara mahsusdyr. R.W.Kamelina görä Köpetdagda (giň manyda alnanda) jemi 332 seýrek duşýan we endemiki görnüşler ýaýrandyr. Olar bolsa dag floranyň 18%-ni düzýärler. Emma orta Aziýanyň beýleki dag ulgamlarynda endemikleriň mukdary jemi 9% barabardyr. Türkmenistandaky aýry-aýry dag ulgamlarda seýrek duşýan we endemiki görnüşleriň mukdary aşakdaky ýalydyr: Hususy Köpetdag – 450-a golaý, Uly Balkan 32, Kiçi Balkan 18, Badhyz 70, Garabil 5, Köýtendag 49.
Garagum çölünde bolsa tutuşlaýyn 25 seýrek we endemiki görnüşler mälimdir. Şeýlelikde dag etraplary döwletiň az mukdarda meýdanyny tutýar hem bolsa (50 müň km2 ) ýöne endemikleriň köpüsi şu etraplarda ýaýrandyr. Garagum çöli ýurduň 350 müň km2 meýdanyny tutýan hem bolsa endemik görnüşleriň mukdary örän azdyr.
Köpetdagyň seýrek duşýan we endemik görnüşleri. Köpetdagda we oňa golaý bolan dag etraplarynda damarly ösümlikleriň umuman 2500 görnüşleri bellenýär, olar bolsa ýurdumyzyň ähli florasynyň 70,0% -den gowrak düzýär. Seýrek düşýän we endemik görnüşleriň mukdary bolsa bütin dag etraplary boýunça 500-den gowrakdyr. Olar esasan astralar, bägülliler, kösükliler, liliýalar we sogan ýalylar maşgalalaryň görnüşleridir. Astralardan ýowşanlar urugy (Artemisia) we pakyrlar ýa-da kuziniýa (Cousinia) urugyň görnüşleri köpdür. Kösüklilerden bolsa astragal urugyň (Astragalus) wekilleri, liliýalar maşgalasyndan-çigildemiň (Tulipa) görnüşleri, soganlyklar ýaly maşgalasyndan-sogan urugynyň (Allium) wekilleri iň köpdür. Emma şol ýa-da başga maşgala degişli bolan görnüşleriň mukdarynyň özi olaryň ösümlik örtüginiň düzüminde ähmiýetine entek kesgitlemeýärler. Käbir maşgalalaryň wekilleri iki-ýekedir, (mysal üçin, kiparis maşgalasyna (Cupressaceae) degişli bolan arça). Şunuň ýaly maşgalalaryň wekilleriniň sany az bolsa hem, olar ösümlik örtüginiň düzüminde uly rol oýnaýarlar. Maglumatlara görä Türkmenistandaky tokaýlaryň 9,5 mln gektaryndan 524 müň ga dag tokaýlary tutýarlar. Olar bu meýdandan 146 müň ga tokaý bilen örtülen ýerlerdir, şol sanda 66,2 müň gektarda arçalyk, kerkawlyk we garagaçlyk seýrek tokaýlar tutýar. Pisse tokaýlaryň ýaýran umumy meýdany bolsa 100 müň gektara hem barabardyr. Emma ol meýdandan diňe 30,3 müň ga pisse agaçlary bilen örtülendir. Derýa boýlaryndaky toraňňy, igde we söwüt ýaly tokaýlar 44,5 müň ga meýdany tutýarlar we şu hasabyň içinde hem 26 müň ga ol agaçlaryň tutýan hususy meýdanydyr.
Badhyzyň we Garabiliň endemik görnüşleri. Badhyzda 70 endemik, Garabilde 5 endemik görnüşleri mälimdir. Ol Garabildäki 5 görnüşden 4-si hem Badhyzda hem Garabilde duş gelýär. Olara Owgan injiri (Ficus afganistanica), Wasilçinkonyň astragaly (Astragalus vasilczenkoi), Andyz (Bryonia monoica), Guşgy çigildemi (Tulipa kuschkensis) degişlidir.
Badhyzdaky endemiklerden iň köp görnüşli kösükliler (10 görnüş) we astralar maşgalalarydyr (12 görnüş). Beýleki maşgalalar iki-ýeke görnüşler bilen görkezilen.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna Badhyzdan 12 görnüş girizilipdir. Olaryň arasynda arealy gysgalýan 5 görnüş, galan görnüşler, Badhyz pissesinden başga 3 kategoriýa, badhyz pissesi bolsa 1 kategoriýa degişlidir.
Hudaýberdiýew Begenç
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň Hytaý dili we edebiýaty hünäriniň 4-nji ýyl talyby

RU



