Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlary we ýaşlaryň döredijilik toparlaryny Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglaýar.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna dalaş edýän ýaşlar ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet edara-kärhanalary, jemgyýetçilik we döredijilik guramalary, ylym, bilim, saglygy goraýyş edaralary, ýokary we orta hünärment okuw mekdepleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan hödürlenip bilner.
Baýraga hödürlenýänleriň resminamalary degişli etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalarynda bellenen tertipde kabul edilýär. Resminamalaryň kabul edilen wagty we beýleki maglumatlar aýratyn kitapçada hasaba alynýar.
Resminamalarda baýraga hödürlenýänleriň soňky 3 ýylyň dowamynda bitiren hyzmatlary hem-de gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi baradaky maglumatlaryň we onuň Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýändigi hakynda degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň umumy maslahatynyň kararynyň bolmagy hökmandyr.
Edaralar we guramalar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenýän zehinli ýaşlaryň baýraga mynasyplarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin olaryň ýerlerde çykyş etmeklerini guramaga, olar bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirmäge borçludyrlar.
Baýraga hödürlenýänleriň ýaşy 16 — 30 ýaş aralygynda bolmaly.
Baýrak iki, üç adama bölünmeýär we gaýtadan berilmeýär.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy ýylda bir gezek berilýär. Baýraga hödürlenýänleriň resminamalary ýylda bir gezek şol baýrak hakyndaky Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalarynda kabul edilýär. Etraplaryň we şäherleriň Ýaşlar guramalary baýraga hödürlenenleriň içinden iň mynasyplaryny saýlap-seçip, olary öz mejlisleriniň kararlary bilen welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ýaşlar guramalaryna tabşyrýarlar. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ýaşlar guramalarynyň mejlislerinde baýraga hödürlenýänleriň resminamalaryna seredilýär hem-de okuwda, zähmetde, jemgyýetçilik, wagyz-nesihat işlerinde has tapawutlanan ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlemek barada karar kabul edilýär. Şondan soňra welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça saýlanyp alnan ýaşlaryň resminamalary şol karar bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň mejlisiniň garamagyna berilýär.
Nazarlyýewa Aýgül
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika institutynyň Maglumat tehnologiýalary programmirleme fakultetiniň 1-nji ýyl talyby