Ýurdumyzyň demirgazyk sebiti bolan – Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýerli ilat tarapyndan 8 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri, 8 sany dürli reňkdäki tapyndylar tapyldy. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň alymlarydyr hünärmenleriniň, Ylymlar akademiýasynyň nuizmatlary bilen bilelikde geçirilen deslapky öwreniş işleriniň netijesinde, käbir altyn teňňeleriň ýüzünde Horezmşalar döwletiniň hökümdary Soltan Allaeddin Muhammediň we onuň kakasy Soltan Tekeşiň atlarynyň ýazylandygy anyklandy.
Alymlaryň çaklamalaryna görä, bu teňňeler köneürgençli türkmenleriň guran kuwwatly döwletiniň XII-XIII asyrlaryň başynda gülläp ösen döwri bilen baglydyr.
Häzirki wagtda bu gymmatly tapyndylar Köneürgenç taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň muzeý gaznasynda saklanylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Daşoguz welaýatynyň çäklerinden tapylan taryhy tapyndylary halk köpçüligine giňden wagyz etmek, muzeý gaznasyny has baýlaşdyrmak maksady bilen, bu gymmatly tapyndylary muzeýe tabşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Erkin Annageldiýew
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň
4-nji ýyl talyby