Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda her günde asyrlara barabar asylly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň ählisi hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyny, geljegini we şu günini gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Ýurdumyzda häzirki döwürde ýaşamana, okamana, işlemäne, erkin döredijilik bilen meşgullanmana ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Türkmenistanda raýatlaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Kanunçylyk namalary tarapyndan berkidilýär. Şeýle mümkinçiliklere ýylyň ýylyň kabul edilýän adyl çözgütleri we kanunlary kabul edilýändigini mysal getirmek bolar.

Türkmenistanda ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar syýasaty bolup durýar. Ata watanymyzda türkmen ýaşlary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ýurdumyzda 35-a ýaşa çenli bolan ýaşlara ýokary okuw mekdepleriniň we orta hünär okuw mekdeplerini okamak we ýokary okuwy tamamlanlaryndan soňra bolsa olary iş bilen üpjün etmek häzirki wagtda dolulygyna ýola goýlandyr. 18 ýaşyny dolduran oglara eger-de ýokary okuw mekdebine okuwa synanyşmaga isleg bildirýän bolsa onda olary harby gulluk borçnamasynyň wagtyny 1 ýyla çenli yza süýşirilip berilmegi hem ýaşlara barada edilýän aladalardan nyşandyr.

Mundan başga-da türkmen ýaşlarynyň ukup-başarnyklaryny ýüze çykarmak we olary goldamak maksady bilen ýurdumyzda köp sanly “Altyn Asyryň Merjen Däneleri”, “Merdana Nesil”, “Ýylyň talyby”, “Ýaňlan Diýarym” , “Türkmenistanyň Prezidentiniň Altyn Asyr bäsleşi” ýaly döredijilik we köp sanly ylmy-taslama bäsleşikleriniň geçirilýändigini nygtap geçmek mümkin.

Häzirki wagta ýurdumyzda diňe ýaşlary diňe ruhy tarapdan höweslendirmän, eýsem, olary maddy tarapdan hem döwlet tarapynda yzygiderli goldanylýar. Täze toý eden ýaş çatynjalara ýeňillik karzlaryň berilmegi, ýaşaýyş jaýlary bilen nobatsyz üpjün edilmegini hem aýtmak bolar.

Ýurdumyzda hereket edýän telekeçilik işinde hem ýaşlara uly üns berilýär. Kiçi orta telekeçiligi ýola goýmak, öz işini guramak isleýän ýaşlara ýeterlikli mukdarda ýeňillikli karzlar berilýär we olara täze iş başlamaga döwlet tarapyndan köp sanly kömekler berilýär.

Türkmen ýaşlaryna şeýle mükinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özümiziň çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýeti alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaç bolsun!

                                                                           Süleýman Ýazberdiýew

      Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi