Isleg ýaly güýçli we ýürekgysgynç duýgy ýok. Söýgi bilen baglanyşykly bolmak we uzakdan garaşmak, islän wagtyňyz görip bilmezlik ýüregiňizi ýakýar. Durmuşyňyzyň iň kyn döwri ýaly duýulýar, gowuşjak günüňize garaşýar uzakdaky söýgüliňiz, siz hem diňe şol günüň arzuwy bilen ýaşaýarsyňyz. Bedeniňiz ejir çekýär.

Daşyndan hemme zat gowy ýaly, sebäbi tehniki taýdan suw içip, iýip, ýöräp, söhbet edip ýa-da uklap bolýar. Ýöne içiňizde suw joşýar, tupan döreýär, tornado emele gelýär we ruhuňyz bulaşyklykda ýaşaýar. Içiňizde hiç hili tertip ýok we siz hemişe söýgä aç. Gözleriňiz elmydama jübütleri saýlaýar we tapýar. Olara seredip, dem alarsyňyz, söýgüliňiz bilen duşuşjak günüňize garaşýarsyňyz. Sene belli bolsa, gowy, ýöne senesi entek belli däl bolsa, derdiň iki esse artar. Söýen adamyňyzdan uzakda ýaşamak, boşlukda küreklemek, garaňkyda gözüňizi ýumup syýahat etmek, çölde suw gözlemek ýalydyr.

Uzakdaky söýgüliňizi küýseýän bolsaňyz we uzakdaky söýgüliňize söýgi sözleri ýazýan ýaly duýsaňyz, derrew ruçka we kagyz tapyp, depderiňize ýazyp başlamaly. Sebäbi aşyk bolanyňyzda we höwes edeniňizde iň owadan ýazgylaryňyzy we goşgularyňyzy döredýärsiňiz. Iň uly şahyrlaram bu höwesiň agyrysyny iň owadan goşgularyny we ýazgylaryny ýazmak üçin ulandylar.

Aslynda, uzakdaky söýgülimiz üçin owadan sözler ýygnamak bilen birlikde, onuň üçin kiçijik we owadan hereketler hakda hem pikir edip bileris. Mysal üçin, söýgüliňize sowgat ýygnamak. Söýgüliňiziň doglan gününe ýa-da onuň üçin sowgat satyn almak üçin duşuşjak günümize garaşmagyň zerurlygy ýok! Halaýan sowgadyny göreniňizde ýa-da özi üçin ajaýyp diýip pikir edeniňizde, pikir etmän satyn almaly we özi üçin saklamaly.

Onsuz dünýä manysyny ýitirýär we ullakan boşluga öwrülýär. Edýän ähli işleriňiz tagamsyz we duzly ýaly görünýär. Ýöne derrew ýüz öwürmegiň ýerine söýgiňiz üçin göreşjek bolsaňyz, bu gatnaşyklaryň sizi näderejede güýçlendirýändigini görersiňiz we durmuşy has lezzetli görüp bilersiňiz. Hatda töweregiňizde bolman, hyýalyňyzda bagtly geljegi göz öňüne getirmek, ýüregiňizi has çalt urmaga we elleriňizi tolgunmak bilen derlemäge ýeterlikdir.

 Saparmyradowa Şahyjemal

 Türkmen oba hojalyk institutynyň

Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 4-nji ýyl talyby