Mikroklimat (grekçe μικρός (mikros) + κλίμα (klima)) – ýeriň aýratynlyklary bilen kesgitlenýän kiçi ýerlerde howanyň aýratynlyklaryny aňladýar. Mikroklimaty öwrenmek, esasanam oba hojalyk ekinlerini zonalaşdyrmakda, şypahanalary we dynç alyş öýlerini guramakda möhüm ähmiýete eýedir.
Mikroklimat öýde, ofisde we islendik ýapyk ýerlerde amatly şertleriň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Mundan başga-da, onuň häsiýetleri adamlaryň ýagdaýyna we saglygyna täsir edýär.
Mikroklimat, adamyň saglygyna, psihiki-emosional ýagdaýyna we iş öndürijiligine täsir edýän ýapyk howanyň ýagdaýy, howanyň we ýerüsti temperatura, çyglylyk, we arassalyk ýaly parametrlere baglydyr.
“Mikroklimat” düşünjesiniň kesgitlemesi we onuň esasy parametrleriniň beýany döwletara standartda – GOST 30494-2011 “Ýaşaýyş jaýy we jemgyýetçilik binalary”, rahat ýaşaýyş bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlarda çözülýär we binalaryň islendik görnüşindäki adamlar üçin iş şertleri döredilýär
GOST-a laýyklykda, mikroklimatyň parametrleriniň her biri belli bir talaplara laýyk gelmelidir.
Süleýmanowa Mähri
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniñ Keselleriñ öñüni alyş fakultetiniñ 3-nji ýyl talyby