Raýat jemgyýetiniň hukuk medeniýetiniň düzümi örän köp taraplydyr. Bu babatda onuň düzüminiň käbir taraplary: beýan etmegiň görnüşleri, onuň sosial derejesi, mazmuny we başgalar barada söz açmak mümkindir. Hukuk medeniýeti jemgyýetiň aýratyn ösüşiniň derejesi hökmünde ilkinji nobatda progressiw hukuk taglymatlaryny we kanunlaryny kabul etmäge taýýarlygy bilen ýüze çykýar. Hukuk medeniýeti – munuň özi raýat jemgyýetiniň agzalarynyň işiniň belli bir häsiýetidir we derejesidir, şol işiň barşynda olar öz hukuk bilimlerine, başarnyklaryna, endiklerine eýe bolýarlar ýa-da olary ösdürýärler. Ahyr soňunda hukuk medeniýeti hukuk sferasynda medeniýetli işiň netijesi, ýagny, jemgyýetiň hukuk bilimleriniň, başamyklaiynyň, endikleriniň degişli derejesiniň jemi hökmünde dowam edip biler. Hukuk medeniýetiniň dowam etmeginiň bu usuly raýat jemgyýetiniň hukuk potensialy hökmünde bellenilýär. Ykdysady we sosial reformalar geçirilýän şertlerinde ýurduň hukuk we ruhy potensialyny ösdürmek babatda döwletiň syýasatyna hem-de işine raýat jemgyýetiniň, onuň syýasy ulgamynyň, demokratiýanyň emele getirilmeginiň şerti hökmünde garalmalydyr. Ylym, medeniýet, ykdysadyýet babatda goşulyşmak ýagdaýy jemgyýetiň ahlak we ruhy sagdynlygynyň girewini döredýär, onuň sosial howpsuzlygynyň esasyny emele getir- ýär. Jemgyýetiň ynsanperwerliginiň derejesi diňe bir saýlawlaryň we sala salşyklaryň barşynda däl, eýsem, hemişe, raýatlaryň döwletiň, welaýatyň, işgärler toparynyň maşgalanyň işlerine hem gatnaşyk etmegiň beýleki görnüşlerine gatnaşmagy hemde dahyllylygy bilen barlanylýar. Döwlet bilimi, medeniýeti, habar beriş serişdelerini, dolandyrmagyň, önümçilikde we ilkinji ýerli düzümlerde öz-özüňi dolandyrmak üçin şertleri döretmegiň, maşgalany, şahsyýeti ösdiirmek üçin şertleri döretmegiň düzümleriniň üsti bilen ruhy we beden taýdan sagdyn raýatlary kemala getirýär. Olary aýap saklamaga borçly bolup durýar. Dünýä tejribesiniň şaýatlyk edişi ýaly, ösen raýat jemgyýeti demokratiýanyň mäkäm esasyny döretmek bilen, köpçüligiň syýasy işeňňirliginiň çeşmesidir we netijesidir. Raýat jemgyýeti üçin üç sany aýratynlyk häsiýetlidir. Birinjiden, assosiasiýalaryň köp bolmagy, ikinjiden, olaryň özbaşdaklygy, üçünjiden bolsa raýat jogapkärçiligini duýmak, şeýle hem medeniýetleşen ýagdaýda özüňi alyp barmak we işjeň raýat garaýşy – bularyň hemmesi hakyky raýat jemgyýetiniň zerur parçalarydyr. Ýokarda bellenilşi ýaly, raýat jemgyýeti we hukuk döwleti logiki taýdan biri-birini göz öňünde tutýar, olary biri-birinden aýra göz öňünde getirmek mümkin däldir. Şol bir wagtyň özün- de raýat jemgyýeti ilkinjiligi eýeleýär, ol hukuk döwletiniň aýgytly sosial-ykdysady şertidir.
Jemgyýetiň syýasy taýdan öz-özüni guramaga ukyby diňe belli bir ykdysady şertler, hususan-da, ykdysady taýdan erkinlik, eýeçiligiň dürli hili görnüşleri, bazar gatnaşyklary bolan mahaly mümkindir. Raýat jemgyýetiniň esasynda bolsa hususy eýeçilik ýatandyr. Hut şonuň özi raýat jemgyýetiniň agzalaryna ykdysady taýdan öz mertebelerini saklap galmaga mümkinçilik berýär.