Türkmen jemgyýeti asyrlaryň dowamynda özüniň ýokary ahlaklylygy, jebisligi, medeniýeti bilen tapawutlanyp gelipdir. Halk häkimiýetlilik düşünjeleri biziň halkymyz mäkäm oman düşünjeler bolmak bilen, ol düşünjeleriň döremegi taryhy köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda ençeme döwletler döredip, dünýäniň ýüzünde dürli jemgyýetleriň emele gelmegine özüniň kesgitleýji täsirini ýetiren halkymyz hiç haçan döwlet dolandyryşyny amala aşyrmakda köre-kör dessurlara eýermek nukdaýnazaryndan ugur almandyr. Hemişe halkymyzda döwlet baştutanlarynyň saýlawlylygy, halk ähmiýetli wajyp meseleleriň halk köpçüligi bilen maslahatlaşylmagy däp hökmünde garalypdyr.
Muňa mysal hökmünde ata-babalarymyzyň han saýlaýyşlaryny, arçynlary we miraplary, serkerdeleri hem serdarlary seçişlerini, gadymy döwrüň gurluş toýlaryny, gurultaýlaryny ýatlalyň. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsanperwerlik, açyklyk, din erkinligi, beýleki halklaryň medeniýetine sarpa goýmak, agressiýany ýek ýigrenmek ýaly ýörelgeler türkmen häsiýetiniň esasyny düzýär” diýip nygtaýan sözleri hem türkmen milli häsiýetiniň iň anyk aňlatmasy bolup durýandyr. Şu gadymdan gelýän milli häsiýetler hem türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda ençeme döwletleri döredip, beýik millet hökmünde taryha girmegine getiripdir.
Türkmen halkynyň döwlet gurujylyk tejribesiniň täsirini biz, ýokarda açylyp görkezilen, garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynyň mysalynda hem görýäris. Şol ýyllarda türkmen milletiniň Garaşsyz döwleti döretmeklikde bitiren işleriniň käbirini ýatlalyň. Sekiz asyra çeken döwletsizlik döwründen, 70 ýyla çeken garaşlylyk zamanasyndan soň arzylanyp ýetilen Türkmenistan döwletiniň garaşsyzlygynyň we özygtyýarlylygynyň taryhy barada söz açylanda, ilkinji nobatda ýeriň ýüzünde täze bir özygtyýarly döwletiň dörändigini bütin dünýä yglan eden, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamadan başlaman bolmaz. Sebäbi, ýokarda bellenilşi ýaly, 1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen bu Jarnamada türkmen halky öz erk-islegini beýan edip we öz ykbaly üçin jogapkärçi- likden ugur alyp hem-de halklaryň öz.ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny jar etdi. Bu Jamamanyň täze türkmen döwletiniň döremeginde ähmiýetini nygtamak bilen birlikde, hemmeler tarapyndan Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň hem garaşsyzlygynyň ilkinji buşlukçysy hökmünde ykrar edilýän, 1990-njy ýylyň 24-nji maýynda kabul edilen Türkmenistanyň “Dil hakynda” kanunyny hem görkezmek gerek. Çünki bu kanun halkymyzyň milli döwletliliginiň taryhynda täze bir sahypany açmak bilen, ilki Döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegine we şonuň netijesinde-de Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmünde halkara hukugynyň doly hukukly agzasy diýlip ykrar edilmegine ýol açdy. Şonuň ýaly- da, Garaşsyz türkmen döwletiniň emele gelmeginde esasgoýujy wajyplygy bolan bu iki hukuk nama soňra, 1991-nji ýylyň 27-nji oklýabrynda “Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda” konstitusion kanunyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy-hukuk şertlerini döretdiler. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bu üç sany taryhy hukuk namalaryň tutuş mazmunyny özünde jemlän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi bolsa türkmen döwletiniň emele gelmeginiň hem berkarar bolmagynyň birinji tapgyryny üstünlikli tamamlady hem-de 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwlet syýasatynda ýetilen täze bir üstünlige, ýagny Bilaraplyk derejesini almagyna getirdi. Şoňa görä-de ýaş türkmen döwletiniň emele gelmeginiň we berkarar bolmagynyň gözbaşlarynda duran bu hukuk resminamalary milli türkmen döwletini döretmeklikde örän wajyp wezipeleri ýerine ýetirdiler.
Agamyrat GARAÝEW
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýarlyk ugrynyň 1-nji ýyl talyby

RU



