Haçan-da türkmen milletiniň döwlet gurujylyk tejribesi barada aýdylanda, bu ýerde oýlanara, ölçeripdökere we netije çykarara esaslar juda köp. Mälim bolşy ýaly, belli bir jemgyýetiň çäginde hatda ilkinji gul eýeçilik döwletleri ýa-da gadymy şäher döwletleri ýaly jemgyýeti edara etmegiň örän sada hem ýönekeý gurallarynyň döremegi hem ençeme çylşyrymly meseleleri öz içine alýar. Bilişimiz ýaly, her bir adam özüne ýeterlik şahsy buýsanja, mertebä, erkinlige eýedir. Ýöne belli bir jemgyýetiň içinde ýaşamak üçin ol özüniň aglaba köp duýgularyny jylawlap, erkinlikleriniň belli bir möçberini meýletin çäklendirip, öz şahsy bähbitleriniň belli bir mukdaryny jemgyýetiň umumy bähbidiniň hatyrasyna pida bermeli bolýar. Her günki alada bilen meşgul bolup ýören adamyň mysalynda bu ýerde ýüze çykýan ýagdaý aýdyň görünýär. Hakykatdan hem adam öz melleginiň çäginde diňe bir özi hojaýynçylyk edip, özge biriniň öz eýelik edýän çägine hiç bir ýagdaýda aralaşmazlygyny isleýän bolsa, onda jemgyýetiň beýleki agzalary bilen bilelikde ýaşamak mejburylygy şahsyýetden onuň eýeçilik hukugynyň talaplaryny çäklendirmegi we eger-de ýol ýa-da suw akar ýaly ýap geçirmeli bolanda hem-de şuňa meňzeş tutuş jemgyýetiň zerurlyklarynyň kanagatlandyrylmaly ýagdaýlary ýüze çykanda, onuň razylygynanärazylygyna garamazdan onuň eýeçiliginiň eldegrilmesizligini bozmaklyga, ýagny serwituta (latynça servitus borç, borçnama, borçlylyk) mümkinçilik berýär. Döwlet döredilende hem şu görkezilen halatlardaky ýaly şahsyýetiň we jemgyýetiň bähbidini utgaşdyrmak bilen baglanyşykly ençeme çylşyrymly meselelerde altyn ortalygy tapmak zemr bolup durýar. Şeýle jygba-jyg ýagdaýlardan parasatly çykalga tapmak üçin bolsa döwletiň döredilýän jemgyýetiniň belli bir derejedäki kämillige ýeten bolmagy hökmandyr. Sebäbi adamlaryň ilkidurmuş sürüsi hem özboluşly jemgyýet bolup durýar, emma özüni dolandyrmak üçin döwlet dolandyryş-häkimiýetini emele getirmek ukyby bolan jemgyýet bilen ilkidirmuş jemgyýetçilik gurluşlarynyň arasynda ýüz müňlerçe ýyllar bilen ölçelýän çuňňur taryhy gorp ýatyr..Öz halkymyzyň taryhy geçmişine ser salanymyzda türkmenleriň atababalarynyň dünýäniň beýleki halklaryna garanyňda jemgyýeti kämilleşdirmek we şonuň netijesinde-de hukuk hem taryhy nazaryýetde “gündogar döwleti” diýen adalga bilen aňladylýan döwlet döretmek derejesine has irki döwürlerde ýetendigine göz ýetirmek bolýar. Onuň mysaly hökmünde ýokarda garalyp geçilen, biziň eýýamymyzdan öň III müňýyllygyň birinji ýarymynda häzirki Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda dörän Altyndepe şäher-döwletini görkez- se bolar. Deňeşdirmek üçin Afina, Sparta ýaly gadymy grek şäher-döwletleriniň hem Altyndepeden müň ýyla golaý wagt soň dörändiklerini bilýäris. Ynsanyýetiň döwlet gurmak tejribesiniň gözbaşynda duran halkymyz döwletlilik, döwlet düşünjesini kämilleşdirmeklige hem saldamly goşandyny goşandyr. Sözümiz gury bolmaz ýaly orta asyrlarda türkmenleriň döreden ençeme döwletlerini ýadymyza salalyň. Seljuklaryň soltanlygyndan başlap taryh üçin gysga wagtyň içinde ençeme döwletleri döretmegiň, olary berkitmegiň we asyrlaryň dowamynda şol döwletleriň Osman şalarşalygy ýaly synmazlygyň hem kuwwatlylygyň nusgasy hökmünde saklanyp galmaklaryny üpjün elmegiň hötdesinden gelen ata-babalarymyzyň jemgyýetçilik paýhasyna, syýasy ukyplaryna haýran galýarsyň. Taryhçylaryň aýdyşy ýaly şu wakalary göreniňde, bir wagtlar, has takygy orta asyrlarda türkmen täsinligi bolupdyr diýesiň gelýär.
Şeker GAZANDURDYÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Kinologiýa taýarlyk ugrynyñ 1-nji ýyl talyby

RU



