Ýurduň geljekki ykbaly şü günki günde heniz sallançakda ýatan çagajyga, mekdep okuwçysyna, talyp ýaşlara bagly.Şol esadan hem Gahryman Arkadagymyz nesil terbiýesinde milli ýörelgelere uly üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren çuňňur many-mazmuna eýe bolan “Ömrümiň manysy” kitabynda nesil terbiýesi, olaryň hünär saýlamaklary barada giňişleýin duryp geçýär. Ol bu kitabynyň Ýaşaýyşyň medeniýeti bölüminde şeýle sözleri beýan edýär:

“ Biziň bu günki Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň beýleki döwletler bilen, sebitler bilen gatnaşygynda hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk örän möhüm orun eýeleýär. Eýsem-de bolsa, men ýokarda diňe söwdanyň gürrüňini etmedim-de, islendik göwün söýen işiň, şol iş boýunça hünär almak, kämillige ýetmek, arzuwlaryňa, maksadyňa gowuşmak ugrundaky tutanýerlilik bilen ýapyşmak öňde goan maksadyňa ýetmegiň ygtybarly ýoludyr.

Şeýle mysallary durmuşda bir ýa-da iki däl, olar kän gabat gelýär. Ýaňky wakamy mysal getirmek bilen, bir zady göwnüňe berk düwseň, maksat edinseň, zähmetden gaçmasaň we her işiňi akylly-başly etseň, ýol alyp bolýandygyny nygtamakçy boldyum. Elbetde, her işe zehin gerek, höwes gerek, zähmet gerek. Adamyň iň gowy başarjak işi onuň göwnünde otyr, şoňa görä, haýsydyr bir işe ymykly baş urmazdan öňürti, göwnüňi diňlemek zerur. Göwnüňi diňlemek – bu özüňi açmakdyr, öz-özüň bilen maslahatlaşmakdyr. Adamy onuň özünden gowy tanap biljek ýokdur, emma adam özüni açmany, özüne dogry baha bermäni başarmaly.” diýip belläp geçýär.

Gahryman Arkadagymyz nesil terbiýesinde iň kiçijik zatlary hem gözden salmaýar. Bu babatda ol “Ömrümiň manysy’ kitabynda

“ Ýaşlar-biziň geljegimiz. Olar halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlar. Halkyň ýurduň ykbaly bilen bagly meseleleriň üstünde kelle döwjek we akylly-başly netije çykarmagy başarjak adamlar. Nesillerimizi ýetişdirmek bilen biz öz geljegimiz gurýarys. Bu meselede halyplaryň egnine juda mukaddes borç, edil şonuň ýaly hem wezipe düşýär. Meniň bu ýerdäki “halypalar” diýýänim, ilkinji nobatda, ata-enelerdir, terbiýeçilerdir, mugallymlardyr, dürli ugurlardan öz işine ussat adamlardyr. Halkymyuz öz nesilleerini geçmişde-de şeýdip ýetişdiripdirler. Ata-babalarymyz öz nesillerini, ine, şu taýsyz nusganyň – hünär, düşünjelilik, zerur dilleri öwrenmek, Watany jan-dilden söýmek, tutanýerlilik, zehiniňi ýerinde ulanmak we zähmetsöýerlik babatdaky beýik mekdebiň, beýik ruhy akademiýanyň gujagynda ýetişdiripdirler” diýip belläp geçýär.

Hemra Nyýazmyradow

Türkmenistanyň Serhet institutynyň 3-nji ýyl harby talyby