Türkmenistanyň ýyly suwly howdan hojalyklarynda kepir, ak amur we kütümaňlaý balyklary köpeldilýär we ösdürilip ýetişdirilýär.
Kepir balygy GDA ýurtlarynynyň howdan balykçylyk hojalyklarynda ösdürilýär. Ol çalt ösýändigi, tebigy iýmite az talaplydygy, daşky şertlere çydamlydygy bilen tapawutlanýar. Onuň etiniň çykymy we hili ýokarydyr. Onuň etiniň düzüminde 8,6% ýag, 16,5% belok saklanýar. Bu tohumyň ýaşaýşynda teňňebalyk (sazan) bilen umumy meňzeşlikleri bar. Ýöne, ol teňňebalykdan tiz ýetişýär we iýmiti oňat özleşdirýär. Suwuň temperaturasy 17-20 gradusda ýetende köpelmäge girişýär. Tohumyň doly ösmegi üçin 20-28 gradus iň ýaramly temperaturadyr. Kepiriň 14-15 gradus köpelýändigi hem mälimdir. Suwuň temperaturasy 14-15 gradusdan peselende onuň iýmite bolan talaby gowşaýar. 1-2 gradusa ýetende bolsa howzuň çuň ýerlerine baryp, hereketsiz halda gyşlaýar. Şol döwürde bedeninde madda çalşygy çuda haýallaýar we ýygnan ýagynyň hasabyna gyşlaýar.
Kepiriň ösüşi ýaşaýan suw gurşawynyň temperaturasyna bagly bolup ol kadaly şertlerde orta hasap bilen 4 ýaşynda 2-3 kg çenli ýetip bilýär.
Bu tohumyň nesil öndürijiligi ýokary: 1 kg agramdaky urkaçy kepir balygy 180 müň töwregi maýda (diametri 1,5 mm), sary reňkli, şepbigi ýeterlik işbil taşlaýar. Höwür balyklaryň nesil öndürijiligi onuň ýaşyna, iýmitleniş we saklanyş ýagdaýyna bagly bolýar. Tohumyň jyns taýdan ýetişmegi 4-5, günorta sebitlerde 2-3 ýaşynda, käte 1 ýaşynda ösüp ýetişýär.
Kepir balygynyň tohumlary beden örtügi boýunça tapawutlanýar: teňňe örtükli, hatar teňňesi aýna görnüşli, hatar teňňesi dagynlyk aýna görnüşli we bedeni teňňe örtüksiz (ýylmanak).Tohumyň teňňeli görnüşi beýlekilerinden amatsyz şertlere çydamlydyrlar we uýgunlaşmana ukyby ýokarydyr.
Rahym Muhammetgulyýew
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby