Häzirki wagtda planetamyzyň 70% -i suw bilen örtülendir. Soňky 50 ýylda dünýäde suwa elýeterlilik bilen baglanyşykly 507 töweregi konflikt ýüze çykdy.
YUNESKO-nyň habaryna görä dünýädäki iň arassa suw Finlýandiýadadyr.
Gyzgyn suw has çalt buza öwrülýär.
Gyzgyn suw näme üçin sowuk suwdan has çalt doňýar diýen soraga takyk jogap henizem ýok. Sowuklamagyň, bugarmagyň, buzuň emele gelmeginiň, konweksiýanyň ýa-da suwuklandyrylan gazlaryň gyzgyn we sowuk suwa täsiriniň tapawudy sebäpli bolup biler diýip alymlar çaklaýarlar.
Dünýädäki suwuň takmynan 97% -i duzlydyr we ony içip bolmaýar.
Suw Ýer şarynyň temperaturasyny kadalaşdyrýar.
Dünýäniň suwy yzygiderli aýlawda bolýar.
Dünýädäki suwuň 1,7% doňan görnüşindedir şonuň üçin hem ulanyp bolmaýar.
780 million adam arassa suwdan peýdalanmaýar.
Adam beýnisiniň 70% -i suwdyr.
Ösýän ýurtlardaky ähli keselleriň 80% -i suw bilen baglanyşykly.
Ynsan bir aý töweregi iýmitsiz ýaşap biler, ýöne diňe bir hepde suwsyz ýaşap biler.
Suw doňanda, 9% giňelýär.
Häzirki wagtda Ýeriň ýüzünde millionlarça ýyl öňküsi ýaly suw mukdary bar.
Dünýädäki süýji suwlaryň takmynan 70% -ine golaýy oba hojalyk maksatly ulanylýar (käbir çalt ösýän ýurtlarda 90% -e çenli).
1 tonna polat öndürmek üçin 300 tonna suw gerek bolup durýar.
Begenç SAPAROW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby