Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni şanly senelere beslenýär.Her bir ynsanyň durmuşynda bolup geçişi ýaly, halkyň, döwletiň ykbalynda hem ýatdan çykmajak pursatlar, wakalar bolup geçýär.Bu günki günde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň anly 29 ýyllyk toýy uludan tutulýar.

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde “ Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy “ atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar.

Türkmenistan Watanymyz ýyllar boýy parahatçylyk söýüjilikli,oňyn başlangyçly, hoşniýetli goňşuçylykly syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirip gelýär.Ýurdumyzda gysga wagtyň dowamynda köp sanly daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça netijeli işleriň geçirilendigine hemmämiz şaýat. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň özeninde döwletimiziň alyp barýan halkara gatnaşyklarynyň hatarynda iri maliýa guramalary bilen hyzmatdaşlygyň hem oňyn paýy bar.

Bitarap ýurdumyzda halkara forumlaryň, medeni çäreleriň we festiwallaryň yzygiderli geçirilmegi döwletimiziň dünýädäki abraýyny artdyrmak bilen geljegiň täze belentliklerine tarap ynamly ädimleri ätmäge ruhlandyrýar.Bitaraplyk bagty bizi täze belentliklere göterip toý joşgunymyzy artdyrýar.

Aýşat Allaberdiýewa

Türkmen Oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby