Adamyň öz eli bilen, täzeden täze tehnologiýalary ulanyp, tebigata ýetiren täsiri daşky gurşawda döreden çözülmesi kyn meselelerine ekologik problemalar (meseleler) diýilýär. Ekologik meseleleriň iň esasylary howanyň, suw gorlarynyň we topragyň adamlaryň akyl paýhassyz we rejesiz ulanmagy netijesinde hapalanmagydyr.
Egerde suw gurşawynyň hapalanmagy, esasan, janly bedenler we ösümlikler üçin howply bolsa, topragyň zaýalanmagy ýer üstünde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň hasyllylygynyň peselmegine, ýerden köp hasyl alynjak bolnup, topraga dürli mineral dökünleriň we himikatlaryň dökülmegi ýerden alynýan azyk önümleriniň adam saglygy üçin ekologik taýdan howply bolmagyna getirýär. Ekerançylyk üçin ulanylýan ýerleriň çendenaşa köp suwarylmagy ýerleriň şorlaşmagyna, tokaý agaçlarynyň çakdanaşa köp çapylmagy çölleşme diýlip atlandyrylýan hadysanyň döremegine sebäp bolýar. Häzirki döwürde adam täsiriniň esasynda howanyň düzümi hem hapalanyşa sezewar edildi.
Ekologik meseläniň çözgüdi adamzadyň ony gurşaýan daşky dünýä degişlilikdäki garaýşyna has dogrusy, täze ekologik aňynyň we ekologik medeniýetiniň emele getirilmegine baglydyr. Şu hili aňyň döremegine soňky döwürde öňe sürlen taglymatlar täsir etdi. Olarda adamy tebigatyň bir bölegi hökmünde ýa-da tebigaty adam dünýäsine, onuň bir bölegi hökmünde goşmak esasynda meseläni çözmek göz öňünde tutulýar. Eger sosiobiologiýa jemgyýet bilen tebigatyň özara täsirine durmuşy-filosofiki nukdaýnazardan garaýan bolsa, onda şahsyýetleşdirilen ekologiýa diýip atlandyrylýan taglymat adamyň tebigata bolan gatnaşygyna şahsy-syrdaşlyk, etiki, estetiki, dini nukdaýnazardan garaýar. Ekologiýanyň tarapdarlary üçin jemgyýet bilen tebigatyň özara gatnaşygyny üýtgetmeklik adamyň özüni üýtgetmeginden başlanýar. Tebigat barada alada özüň barada alada öwrülýär, adam bilen tebigatyň arasyndaky päsgelçilikler aradan aýrylýar, adam tebigatyň «içinden» oýlanyp başlaýar. Şahsyýet «eko-mene» öwrülýär
Söhbet SETDAROW
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby