Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany  hökmünde at-owazasy äleme dolan  ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň  milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk,  döwrebap şygar bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden  dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we  ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp  goşgusyndan ugur alyp, şeýle hem, halkymyz  tarapyndan giňden goldanylan köp sanly teklipleri nazara alyp döwrümiziň şanyna şan goşjak täze 2025-nji ýylyň «Halkara  parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli türkmen halkymyzy,  ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny geljek  2025-nji ýylda has-da tutanýerli zähmet  çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere  ýetmegine mynasyp goşant goşmaga  ruhlandyrýar.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik  häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn  Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň  özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary  syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly  üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy  ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini  tapmakda döwletimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.

Aýgül GURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyn Türkmen edebiyaty kafedrasynyn mugallymy.