Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda oňyn Bitaraplyk ýörelgesine eýerýän Garaşsyz ýurdumyz Merkezi Aziýanyň sebitinde, tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşup gelýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirilýän talaplaryň ählisi, ikinji nobatda, sebit boýunça goňşy döwletler bilen medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylyklary, taryhyň dowamynda emele gelen dostluk, birek-birege goldaw bermek däpleri baglanyşdyrýar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişliginde işjeň syýasaty alyp barýar hem-de bu gurama, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň depginli ösýän strategik merkezleriniň birinde – Merkezi Aziýada BMG-niň ygtybarly we uzak möhletli hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýär. Muny soňky ýyllarda BMG tarapyndan birnäçe möhüm ähmiýetli Kararnamalaryň kabul edilmegi hem subut edýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini bellemek bolar.
Döwlet GADAMOW,
Begenç ORAZMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, kiberhowpsuzlyk fakultetiniñ Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiliginiň A toparynyň 3-nji ýyl talyplary.