ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi, halkara moda görkezilişi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirilýär. Şu gün badalga alan bu çäreler hususyýetçilik, moda we dizaýn, şeýle-de maýa goýumlar babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini tutuş dünýä äşgär eder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döwrümiziň belent maksatlaryna ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen 17 ýylyň dowamynda birleşmäniň agzalarynyň sanynyň ep-esli artmagy, hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň alyp barýan işleriniň geriminiň has-da giňemegi bu ugurdaky syýasatyň ajaýyp miweleridir.
Şu gün öz işine başlan serginiň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň täze önümleriniň mahabat-tanyşdyryş çäreleri guralar. Bu giň gerimli sergide 2025-nji ýylda öndürilen täze önümlere we ýola goýlan hyzmatlara hem uly orun berilýär.
TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda guraljak «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forumda Türkmenistanyň hususy böleginiň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak hem-de döwlet we hususy bölekleriniň arasynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup durýar. Bu forum ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin tanymal maýadarlary, telekeçileri, maliýe edaralarynyň we döwlet düzümleriniň wekillerini ýygnar. Munuň özi, Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiligine gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Bu waka ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň möhüm ähmiýetli ornuny ýüze çykaryp, öňdebaryjy halkara maliýe institutlary bilen birlikde, maýadarlaryň we bilermenleriň giň toparlarynyň hem ünsüni çekýär.
Şeýle-de bu çäreleriň çäklerinde ilkinji gezek döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi hem guralýar. Munuň özi moda biparh bolmadyk halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilen Aşgabada gönükdirýär.
Moda dünýäsinde ýylyň esasy wakalaryň birine öwrüljek megine garaşylýan bu çärä türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýar. Hususan-da, halkara moda görkezilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de «Mähirli Zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» ýaly modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp taýýarlanylan lybaslar görkezilişe çykarylýar. Görkezilişe gatnaşýan türkmen dizaýnerleriniň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen, moda äleminiň iň soňky ýörelgelerinden ugur alnyp taýýarlanylan lybaslary daşary ýurtly meşhur dizaýnerleri hem biparh goýmaýar.
Şeýle-de halkara moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürlenilýär. Aýratyn bellenilmeli tarapy, Aşgabatda geçiriljek bu halkara moda görkezilişi moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendirilýär. Olaryň hatarynda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «MARIE CLAIRE ARABIA», «GRAZIA», «HELLO RUSSIA», «ELLE» žurnallary we «FASHION NETWORK» gazeti bar.
Merdan NOWRUZOW,
Türkmenistanyñ Daşary isler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ talyby