Beden terbiýesiniň we sportyň mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin ähmiýeti we bedenterbiýe mugallymynyň olaryň beden hem- de ruhy ösüşlerini kemala getirmekde tutýan orny. Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillerimize baglydyr.Watanymyzyň röwşen geljegi üçin okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bagtyýar ýaşlarymyzyň öňlerinde goýan baş maksadyna öwrülmelidir. Bilim, ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr.Sport dünýäsi täsin.Onuň bilen meşgullanýan adma hiç wagt ony taşlap bilmeýär, ondan daşlaşyp hem bilmeýär. Çünki adam teni hem edil agaçlar ýaly, herekete, suwa, howa, şemala, ýagyşa- gara mätäçdir.Tebigy hadysalara mätäçlik agaçlaramahsus bolşy ýaly, herekete mahsuslyk hem adam bedenine mahsusdyr. Çünki çagalary bir ýerde oturtmak mümkin däl, olaryň aýakgaplaryny çalyşmazlyklaryny gazanmak, ýa- da ellerindäki oýunjaklary çalyşmak esasan gözegçilik edilmeli işleriň biridir. Sebäbi çaga näçe özbaşdak bir zady hereket arkaly düşündirýän bolsa, şol eşik meselesinde- de, iýmit meselesinde- de örän ägä bolmaly zatlaryň biridir. Şeýle- de körpe nesle berilýän üns ýokarydyr. Çagalara, körpelere sagdyn durmuş şertlerini üstünlikli durmuşa geçirýän döwletimizde körpe nesli sagdyn terbiýelemek üçin birnäçe işler alnyp barylýar.Olaryň mekdepden daşary okaýan, öwrenýän derslerinde hem köçelerden geçenlerinde pýada geçelgelerden, ýerasty, ýerüsti geçelgelerden geçmelidigi ündelýär Şol sebäpli-de çagalara berilýän dürli hili sport çäresi üçin ulanylýan serişdelere seresaply çemeleşmegi başarmaly. Çagalar bilen sport çärelerini geçimek üçin niýetlenen topy hem- de çaga ulaglaryny hökman ýanyň bilen alyp gitmeli.Ýokarda agzalan zatlaryň hemmesi çaganyň işjeň durmuş obrazyny has- da işjeňleşdirmäge öz örän uly täsirini ýetirýär. Biz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylym-bilime uly sarpa goýup gelýän dörediji halkymyzyň bagtyýar nesilleri bolan ýaşlarymyzdan döwletimiziň dünýädäki şan-şöhratyny, at-abraýyny has-da beýgeltmäge goşant boljak beýik işlere, täze ylmy açyşlara garaşylýar. Biz ylym ulgamynyň esasy maksatlaryny we wezipelerini, şeýle hem ony döretmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen birlikde, ýaşlary ylma giňden çekmek, ýaşlarda talyplyk döwründen başlap täzeçilige, gözleglere, açyşlara höwes döretmek, olaryň bilimlere hyjuwyny artdyrmak, örän uly aň-bilim mümkinçiliklerini ýüze çykarmak üçin ähli şertleri döredýäris. Ýaşlar biziň geljegimizdir. Çagalar hem ýaşlar üçin döredilen mümkinçilikleriň howpsyzlygy gazanmak, olaryň oýnajak meýdançalarynda mümkingadar päsgelçilik bolmazlygynyň öňüni almak bolsa, uly nesliň we döwletimiziň aladasydyr. Çünki şeýle howada çagalar rahat dem alyp, bir- biri bilen joşgunly gürleşip, şatlykly emosional ýagdaýlarda ýoldaşlaryna goltgy bermäne höwesekdirler. Geçilýän sapaklaryň agramly bölegini diňe hereket bilen baglanyşdyrmak esasy göz öňünde tutulýan maksat bolmalydyr. Her sapakda diňe bir okuw sapagy däl- de eýsem terbiýeçilik sapaklary hem geçilýär. Şol terbiýeleriň içinde bolsa, ýol hereketleriniň düzgünlerini öwrenmegiň wajyplygy esasy meseleleriň biridir. Ýol düzgünlerini körpe nesliň bilmegi hökmandyr. Şol sebäpli- de ene- atalar çagalaryň terbiýesinde ýol hereketleriň hem düzgünlerini ýatdan çykarmaly däldirler. Munuň özi ýurdumyzda “Döwlet adam üçindir” atly şygaryň ýol ýörelge edilmesidir. Haçanda talyp bedenterbiýe sapagyny geçmek üçin taýýarlanýarka, şol beden terbiýesiniň diňe çagalaryň bedeninde däl- de eýsem olaryň jemgyýetçilikdäki orny barada- da hökman ýeterlikli pikirlenmegi gerekdir. Bedenterbiýesiniň usullary hakyndaky örän ähmiýetli seminarlaryňdyr, sagatlaryň netijesinde birnäçe wagtlap geçilen amaly- usulýet sapaklarynda çagalary terbiýlemegiň borçlary hakynda aýratyn bellenilýär we şol borçlaryň içinde çaganyň jemgyýetde tutjak orny hakynda pikirlenmek we şoňa ugrukdyrmak borjy hem bedenterbiýe mugallymlarynyň wezipesine girýär. Şeýlelikde umuman aýdylanynda çagalarda ruhy hem- de beden kämilligini kemala getirmekde bedenterbiýe sapagynyň has wajyplygyny hem olara düşündirmek, şol çagalarda sport bilen mydama bedenlerini türgenleşdirmek meselesine- de içgin çemeleşmek bu günki gün mekdep ýaşyna çenli çagalaryň terbiýesi hakyndaky has wajyp gürrüňleriň biridir. Öz mugallymy bilen geçilen sapaklary tejribeçilikde özleşdirmek hem- de çagalar bilen şeýle ýagdaýlarda işleşmek,ylmy- usulýet sapaklarynyň netijelerini görmek medeniýeti her bir mugallymyň öňündäki aýratyn borçlaryň biridir. Ýaş nesilleriň özbaşdak bolmaklary üçin dürli hili tärleriň ulanylmagyny gazanmak ýeterlikdir. Çünki haçanda her dürli maşklar üçin ýa- da sport hem- de bedenterbiýe üçin ulanylan zatlaryň ählitaraplaýyn mümkinçiliklerini açyp, çagalara görkezmeklik tabşyrylanda, olaryň ähli taraplaýyn şo zatlary ulanmaga taýýardyklary belli boldy. Çünki diwardan asylyp goýulan oýunjaklary saýlamak, şeýle- de beýleki zatlary sport çäresi üçin ulanylýan zatlary almak çagalara özbaşdak iş saýlamaga kömek etdi. Çünki çagalaryň höwesli topulmaklary üçin görülen taýýarlykda dürli hili sport enjamlarynyň ýerleşdirilmegi her bir çaganyň işewir şol zatlary saýlap, ýerli- ýerinde ulanmaga başlandyklaryny has doly beýan etdi. Şeýle ýagdaýda çagalara ýörüte tabşyryklar berilse,şeýle- de oalryň öz öňlerinde edilmeli işler,ýagny mysal üçinbökmegiň täze bir görnüşleri ýola goýulsa, ýa- da bolmasa,bedenterbiýe çärelerinde geçiriljek işleriň amal edilmegi üçin örän ukyply çagalar saýlanyp alynsa, hem- de olary belli bir ugurlar boýunça ugrukdurylsa, şeýle ýagdaý çagalarda waka bolan garaýyşlarynyň täsin syrlaryny açmaga kömek eder. Çagalaryň gije- gündiziň dowamynda çagalar bagynda bolmagy üçin esasy anyk wezipeleriň öňde goýulmagy dürli hili ýagdaýlar ýüze çykanynda- da olara edilmeli idegler hakykatynda örän wajyp meseleleriň biridir. Sebäbi esasan her bir çaganyň indiwidual aýratynlygyna garamazdan, olaryň gije- gündiz çagalar bagynda bolmagy üçin edilmeli işler, olaryň şähdiaçyklygyny gazanmak, olaryň oýnaýan oýunlaryna, olaryň iýýän iýmitlerine, olaryň ukysyny alýan wagtlaryna aýratyn gözegçilik etmek meseleleri bolsa, esasy gözegçilik edilmeli meselelerdir. Işiň dogry gitmegini gazanmak üçin çagalar bagynyň ýolbaşçysynyň, bedenterbiýe mugallymynyň, metodistiň, aýdym- saz mugallymynyň, çaga lukmanlarynyň ählisini bilelikdäki işiniň netijesinine ünsli çemeleşmek gerekdir we zerurdyr. Tomusky möwsümde gözegçilik etmek,olaryň işjeňligini gowşatmazlyk, olaryň höwesini beýleki pasyllardaky ýaly saklamak hem- de olary dürli oýunlar bilen gyzyklandyrmak üçin olara belli bir ugurlar boýunça esewan bolmak meseleleri ýokarda agzalanlaryň ählisinden wajypdyr. Sebäbi tomus paslynyň gelmegi bilen howanyň gyzgynlyk derejesi artyp, şol gyzgynlyk derejäniň ýüze çykmagy bilen çagalaryň hem işjeňliginiň peselmegi ýüze çykýar. Şonuň esasynda- da çagalara aýratyn gözegçilik etmeli bolýar. Şol sebäpli hem çagalar bagynyň meýdançasynda birnäçe özgerişlikleri ýola goýmak,ýagny çagalaryň arassaçylyk- gigiýena ýagdaýlaryna gözegçilik etmek,iýmit şertlerini möwsüme görä bermek, şeýle- de olaryň wagtly- wagtynda çagalar abgynyň meýdançasyndaky suw basseýnlerde suwa düşmeklerini has dogry ýerine ýetirmek işleri öňki edilen işlerden has uly jogapkärçiligi talap edýär. Türkmen halky bu günki gün Berkarar döwletimiziň täze eýýäminiň Gakynyşy döwründe üstünlikli ädimler bilen öňe barýar. Gahryman Arkadgymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň saýasynda edilýän işler ýurdumyzy galkyndyrýar. Ýurdumyzda uly nesliň sagdynlygy bilen körpe nesliň birlikde ýaşaýşynyň güllemegi, olaryň durmuşynyň howpsyzlygy hakynda
ýadawsyz alada edilýär.

Meýlis Kulyýew

Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň dünýä tejribesini öwreniş
kafedrasynyň bedenterbiýe mugallymy