Geçen ýyllaryň içinde Bitaraplygyň türkmen nusgasy halkara hukuk tejribesinde täze hadysa öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýa sebitinde asudalygy ugur edinýän oňyn Bitaraplyk syýasaty yzygiderli we maksadalaýyk durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk senesini uly üstünliklere besleýär. Mälim bolşy ýaly, Bitaraplyk syýasatynyň we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti örän ýokarydyr. Garaşsyz Türkmenistanyň saýlap alan Bitaraplyk ýoluna, Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlaryna bu gün dünýäde diňe milli däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň ösüş bähbitlerine oňyn täsir edýän syýasat hökmünde garalýar.Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty, parahatçylygy pugtalandyrmagyň we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna edýän tagallalary täze eýýamyň taryhy, syýasy ähmiýetli başlangyçlarynda şöhlelenýär. Golaýda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi bolsa biziň her birimizi buýsandyran waka boldy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin asudalygyň, agzybirligiň, gazanylýan uly üstünlikleriň ýylydyr. Bagtyýar zamanada ýurdumyzyň halkara abraýyny belent derejelere göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
4-nji ýyl talyby Oramowa Ogulşat